TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Gutardyş Synaglary : Biologiýa   dersinden soragnamalar

 Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň tebigy bilimler ugurly gutardyş synplarynda biologiýa dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary

 1-nji soragnama

  1. Umumy biologiýanyň tebigy ylymlaryň ulgamynda tutýan orny. Onuň ähmiýeti we beýleki ylymlar bilen baglanyşygy.
  1. Öýjük janly organizmleriň gurluş we funksional birligidir. Öýjük teoriýasy we onuň esasy düzgünleri.
  1. Uýgunlaşmalaryň ýüze çykmagy. Uýgunlaşmanyň otnositel häsiýeti.

2-nji soragnama

  1. Janly tebigatyň bitewiligi. Biosferanyň janly maddasynyň elementar we molekulýar düzümi.
  1. Fermentler we olaryň ähmiýeti. Witaminler we olaryň organizmde ýerine ýetirýän işleri.
  1. Agrosenozlar. Türkmenistanyň agrosenozlary.

3-nji soragnama

  1. Biologiýa ylmynyň oba we tokaý hojalygy, senagat, lukmançylyk, gigiýena, tebigaty goramak üçin ähmiýeti.
  1. Tebigy we emeli seçgi. Emeli seçginiň döredijilik ähmiýeti.
  2. Türkmenistanyň Gyzyl kitaby. Etalonlar we tebigatyň ýadygärlikleri.

4-nji soragnama

  1. Organiki dünýäniň ulgamlary. Bakteriýalar, kömelekler, ösümlikler we haýwanlar şalyklary.
  1. Öýjügiň metobolizmi (plastik we energetik madda çalşyklar).
  1. Biogeosenozlaryň mysallary: çöl (Garagum), daglar (Köpetdag, Köýtendag, SüntHasardag), derýalar (Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar), tebigy (Sarygamyş) we emeli köl («Altyn asyr» Türkmen köli), iri suw howdanlary (Saryýazy, Hanhowuz, Köpetdag).

5-nji soragnama

  1. Haýwanlaryň, ösümlikleriň we bakteriýalaryň öýjükleriniň gurluşyndaky tapawutlar. Eukariot we prokariot öýjükleriň deňeşdirme häsiýetnamasy.
  2. Adam jynslary.
  3. Türkmenistanda seleksiýa işleri. Türkmenistan garaköli we saryja goýunlarynyň Watanydyr. Ahalteke aty, arwana düýesi, türkmen tazysy we alabaý iti, türkmeniň ak bugdaýy, gawun-garpyzy, üzümi we beýlekiler türkmen halkynyň milli buýsanjydyr.

6-njy soragnama

  1. Monogibrid çaknyşdyrma. Birinji nesliň birmeňzeşligi. Dominirleme düzgüni (G. Mendeliň

birinji kanuny).

  1. Wiruslar ýaşaýşyň öýjüksiz görnüşidir.
  2. Türkmenistanda ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň amala aşyrylyşy. Ýerleriň meliorasiýasy, ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyny kämilleşdirmek esasynda agrosenozlaryň önümliligini artdyrmak babatda Türkmenistanda geçirilýän çäreler.

7-nji soragnama

  1. Antropogeneziň hereketlendiriji güýçleri.
  2. Suw, onuň himiki we biologiki düzümi.
  3. Populýasiýa. Dürli görnüşleriň populýasiýalarynyň özara gatnaşyklary.

8-nji soragnama

  1. Bir öýjükli we köp öýjükli organizmler. Dokumalaryň, organlaryň, organlar ulgamlarynyň

arabaglanyşygy, köp öýjükli organizmleriň bitewüliginiň esasy hökmünde.

  1. RNK-nyň görnüşleri, gurluş aýratynlyklary we öýjükde ähmiýeti.
  1. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň döreýşi baradaky taglymat. Lui Pasteriň tejribesi.

9-njy soragnama

  1. Ikinji nesliň gibridleriniň alamatlarynyň dargamagy (G. Mendeliň ikinji kanuny).
  2. Öýjükde uglewodlaryň we ýaglaryň biosintezi.
  3. Mezozoý erasynda ýaşaýşyň ewolýusiýasy. Türkmenistanyň çäginden mezozoý erasyna degişli tapylan ýumşak bedenlileriň we mähnet süýrenijileriň aýak yzlary.

10-njy soragnama

  1. Digibrid çaknyşdyrma. Garaşsyz nesle geçijilik kanuny we onuň sitologik esaslary. (G. Mendeliň üçünji kanuny).
  1. DNK-nyň sintezi. Nesle geçijilik alamatlaryny saklamakda we olary ata-eneden nesle geçirmekde DNK-nyň ähmiýeti. Genetiki maglumat. DNK-nyň kody.
  1. Ekologik bilim we terbiýe biosferany goramagyň we onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagyň zerur şertidir.

11-nji soragnama

  1. Öýjükde belogyň ýerine ýetirýän işleri.
  2. Mitoz — öýjügiň ýaşaýyş aýlawynyň döwri. Mitozyň döwürleri.
  1. Kaýnozoý erasynda ýaşaýşyň ösüşi.

12-nji soragnama

  1. Glikoliz (glýukozanyň kislorodsyz dargamagy), onuň janly organizmler üçin ähmiýeti.
  1. Mikro we makroewolýusiýa ýeketäk ewolýusion hadysalaryň tapgyrydyr.
  2. Genetika nesle geçijiligiň we üýtgeýjiligiň kanunalaýyklyklary baradaky ylymdyr. Genetikanyň wezipeleri we ony öwrenmegiň usullary.

13-nji soragnama

  1. Sitoplazmanyň, plazmatik membrananyň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri. Öýjügiň esasy organoidleri (mitohondriýalar, ribosomalar, lizosomalar, hereket organoidleri we beýlekiler).
  1. Fotosintez we onuň kosmiki ähmiýeti.
  2. Kömelekleriň gurluşy we köpelişi. Maýa kömelekleri. Kömelekleriň biotehnologiýada ulanylyşy we halk hojalygyndaky ähmiýeti.

14-nji soragnama

  1. Oňurgaly haýwanlaryň embrional we embrionaldan soňky ösüşi.
  2. Haýwanlary eldekileşdirmek we ösümlikleri medenileşdirmek seleksiýanyň başlangyç tapgyry hökmünde. Medeni ösümlikleriň gelip çykyş merkezleri. Akademik N. I. Wawilow we onuň işleri.
  1. Üýtgeýjiligiň görnüşleri. Modifikasion üýtgeýjilik.

15-nji soragnama

  1. Bakteriýalar we olaryň gurluşy. Bakteriýalaryň ýaşaýyş işjeňligi we olaryň halk hojalygynda ulanylyşy.
  1. Meýoz: reduksion we ekwasion bölüniş.
  2. Adamyň ewolýusiýasy. Janly tebigatyň ulgamynda adamyň tutýan orny.

16-njy soragnama

  1. Belogyň molekulasynyň gurluşy. Belogyň himiki we fiziki häsiýetleri.
  2. T. Morganyň nesle geçijiligiň hromosoma teoriýasy.
  1. Görnüş. Görnüşiň kriteriýalary: morfologiki, fiziologiki, genetiki, biohimiki, ekologiki, geografiki.

17-nji soragnama

  1. Janly organizmleriň (ösümlikler, haýwanlar we beýlekiler) ýaşaýşynda uglewodlaryň tutýan orny. Polisaharidleriň gurluşy we biologik ähmiýeti.
  1. Biotehnologiýa. Biotehnologiýanyň ykdysadyýetiň, oba hojalygynyň, lukmançylyk ylymlarynyň ösmeginde we daşky gurşawy goramakda ähmiýeti. Biotehnologiýa halk hojalygynda.
  1. Arheý we proterozoý erasy. Ýaşaýşyň öýjükli görnüşleriniň ýüze çykmagy we onuň prokariotlardan (bakteriýalar we gökýaşyl suwotular) eukariotlara çenli ewolýusiýasy.

18-nji soragnama

  1. Ýadro öýjügiň ýaşaýyş işjeňligini üpjün edýän merkezdir. Öýjügiň ýadrosynyň gurluşy we onuň ýerine ýetirýän işleri.
  1. Hemosintez we onuň ähmiýeti.
  2. Ç. Darwine çenli döwürde ewolýusion garaýyşlaryň ösüşi.

19-njy soragnama

  1. ATF — janly organizmler üçin energiýanyň çeşmesi.
  2. Köpelişiň görnüşleri. Ösümlikleriň we haýwanlaryň jynssyz köpelişi.
  3. Adamyň gelip çykyşy baradaky Ç. Darwiniň garaýyşlary. Adamyň gelip çykyşynyň subutnamalary.

20-nji soragnama

  1. Glýukozanyň kislorodly okislenmegi. Krebsiň aýlawy.
  1. Mutasion üýtgeýjilik (genom, hromosom, gen mutasiýalary), olaryň sebäpleri.
  1. Türkmenistanyň BMG-niň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly konwensiýalaryna goşulmagy: «Çölleşmä garşy göreş», «Biologik dürlülik barada», «Ozon gatlagyny goramak barada», «Klimatyň üýtgemegi baradaky çäklendiriji konwensiýa» we beýlekiler.

21-nji soragnama

  1. Ýaşaýşyň döreýşine häzirki zaman garaýyşlary. AI. Opariniň gipotezasy.
  2. Ýaglar öýjük membranasynyň esasy gurluş komponenti we energiýa çeşmesidir.
  1. Köp öýjükli organizmleriň hususy ösüşi.

22-nji soragnama

  1. Genleriň özara täsiri. Sitoplazmatik nesle geçijilik. Alamatyň kemala gelmeginde genotipiň we daşky gurşawyň täsiri.
  1. Ewolýusiýanyň subutnamalary.
  2. Jyns öýjükleriniň emele gelşi. Tohumlanma. Jynsly köpelişiň biologik ähmiýeti.

23-nji soragnama

  1. Jyns genetikasy.
  2. E. Gekkeliň we Mýulleriň biogenetik kanuny.
  3. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ösüşindäki aromorfozlar, idioadaptasiýalar (diwergensiýa we konwergensiýa) hem-de degenerasiýalar.

24-nji soragnama

  1. Beloklaryň biosintezi.
  2. Gen — nesle geçijiligiň elementar birligi. Geniň düzümi we gurluşy, onuň mutasiýa geçmäge bolan ukyby.
  1. Ewolýusiýanyň sintetik taglymaty darwinizmiň, genetikanyň, ekologiýanyň we beýleki biologiýa ylymlarynyň ösmeginiň netijesidir.

25-nji soragnama

  1. Ýaşaýyş ugrunda göreş we onuň görnüşleri.
  2. Paleozoý erasy. Ösümlik dünýäsindäki uly aromorfozlar.
  1. Akademik W. I. Wernadskiniň biosfera baradaky ylmy taglymatynyň mazmuny we ähmiýeti.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

Türkmenistanyň Milli bilim instituty.

Gutardyş Synaglary : Fizika dersinden soragnamalar 2022

 

Gutardyş synaglaryň Soragnamalary :Türkmenistanyň Taryhy dersi

Gutardyş Synaglary :Türkmen Dili we Edebiýat

 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle