TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Gutardyş Synaglary : Fizika dersinden soragnamalar 2022

Biz öň Türkmenistanyň Umumybilim Berýän Orta Mekdepleriniň Ynsanperwerlik-durmuş bilimleri ugurly gutardyş synplarynda  Türkmenistanyň Taryhy şeýle hem, Türkmen dilinden we Edebiýatdan düzme üçin temalary soragnamalaryny size ýetiripdik. Bu gün bolsa size Takyk bilimler ugurly gutardyş synplarynda Fizika dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary saýtymyza ýerleşdirýaris.

 

2021 — 2022-nji okuw ýylynyň gutardyş synaglaryna taýýarlyk

 Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň Takyk bilimler ugurly gutardyş synplarynda Fizika dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary

1-nji soragnama

  1. Ýarymgeçirijilerde elektrik togy. Ýarymgeçirijileriň hususy we garyndyly geçirijiligi.
  2. Mendeleýewiň — Klapeýronyň deňlemesi.
  3. Tejribe işi: Gaty jisimiň dykyzlygyny kesgitlemek.

2-nji soragnama

  1. Atmosfera basyşy. Torriçelliniň tejribesi. Atmosfera basyşyny ölçemek.
  1. Üýtgeýän toguň zynjyrynda aktiw, sygym we induktiw garşylyklar.
  1. Linzanyň formulasyna degişli mesele.

3-nji soragnama

  1. Içki energiýa.Termodinamikanyň birinji kanunynyň izoprosesler üçin ulanylyşy.
  2. Geçirijiniň elektrik garşylygy. Udel garşylyk. Reos­tat­lar.
  3. Arhimed güýjüni hasaplamaga degişli mesele.

4-nji soragnama

  1. Ýadro reaktory. Termoýadro reaksiýalary.
  2. Doýgun däl we doýgun buglar. Suwuklyklaryň gaýnama temperaturasynyň basyşa baglylygy.
  1. Hemişelik toguň işini we kuwwatyny hasaplamaga degişli mesele.

5-nji soragnama

  1. Elektromagnit induksiýa hadysasy. Lensiň düzgüni. Öz-özünde induksiýa. Induktiwlik

koeffisiýenti.

  1. Geçirijiniň elektrik garşylygy. Garşylygyň temperatura baglylygy.
  1. Tejribe işi. Geçirijileriň yzygider birikdirilişini öwrenmek.

6-njy soragnama

  1. Egriçyzykly hereket. Töwerek boýunça deňölçegli hereketde tizlik we tizlenme.
  1. Radioişjeň öwrülmeler. Radioişjeň dargama kanuny.
  2. Suwuklygyň üstdartuw güýjüni hasaplamaga degişli mesele.

7-nji soragnama

  1. Yrgyldyly kontur. Yrgyldyly konturda energiýanyň öwrülişi.
  2. Kwant generatorlary. Lazerler. Geýzenbergiň kesgitsizlikler gatnaşygy.
  1. Deňtizlenýän hereketde geçilen ýoly hasaplamaga degişli mesele.

8-nji soragnama

  1. Kulonyň kanuny. Elektrik meýdany.
  2. Kogerentlik. Ýagtylygyň interferensiýasy we onuň ulanylyşy.
  1. Gazyň basyşyny hasaplamaga degişli mesele.

9-njy soragnama

  1. Arhimed güýji. Jisimleriň ýüzme şertleri. Suw ulaglarynyň Türkmenistanda ulanylyşy.
  1. Atomyň gurluşy. Rezerfordyň tejribesi.
  2. Elektrik meýdanynyň potensialyny hasaplamaga degişli mesele.

10-njy soragnama

  1. Boruň postulatlary. Kwantlanma düzgüni. Frankyň we Gersiň tejribesi.
  1. Howanyň çyglylygy. Howadaky suw buglary. Absolýut we otnositel çyglylyk.
  1. Ýadro reaksiýalaryna degişli mesele.

11-nji soragnama

  1. Tok güýji. Zynjyryň bölegi üçin Omuň kanuny.
  1. Fotoeffekt. Fotoeffektiň teoriýasy.
  2. Tejribe işi: Erkin gaçmanyň tizlenmesini kesgitlemek.

12-nji soragnama

  1. Atom ýadrosynyň gurluşy. Izotoplar.
  2. Ses tolkunlary. Ses tolkunlarynyň ýaýraýşy. Sesiň tizligi. Infra we ultrasesler.
  1. Fotoeffekte degişli mesele.

13-nji soragnama

  1. Matematiki maýatnik. Yrgyldylaryň amplitudasy, periody, ýygylygy we fazasy.
  2. Uran ýadrosynyň bölünişi. Zynjyrly reaksiýa.
  3. Bütindünýä dartylma kanunyna degişli mesele.

14-nji soragnama

  1. Agyrlyk güýjüniň täsirindäki hereket. Aşa agramlylyk we agramsyzlyk.
  1. Ýagtylyk akymy. Ýagtylyk güýji. Ýagtylandyrylyş. Ýagtylandyrylyşyň kanunlary.
  2. Tejribe işi: Ýapgyt tekizligiň PTK-syny kesgitlemek.

15-nji soragnama

  1. Fotoeffekt. Fotoeffektiň ulanylyşy. Türkmenistanda Gün energiýasynyň ulanylyşy.
  2. Deňtizlenýän hereket. Deňhaýallaýan hereket.
  3. Ýylylyk mukdaryna degişli mesele.

16-njy soragnama

  1. Tok çeşmesiniň yzygider we parallel birikdirilişi. Kirhgofyň düzgüni.
  2. Ideal gazyň molekulýarkinetik teoriýasynyň esasy deňlemesi.
  3. Geçirijiniň elektrik garşylygyny hasaplamaga degişli mesele.

17-nji soragnama

  1. Transformator. Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndürilişi we aralyga geçirilişi.
  1. Otnositellik teoriýasynyň postulatlary. Massanyň we energiýanyň özara baglylyk kanuny.
  2. Geçirijileriň parallel birikdirilişine degişli mesele.

18-nji soragnama

  1. Jisimiň impulsy. Impulsyň saklanma kanuny. Reaktiw hereket.
  2. Hemişelik toguň işi we kuwwaty. Toguň  işiniň we kuwwatynyň ölçeg birligi.
  1. Difraksiýa gözenegine degişli mesele.

19-njy soragnama

  1. Toguň magnit meýdany. Elektromagnitler we olaryň ulanylyşy.
  1. Kondensatorlar. Kondensatorlaryň parallel we yzygider birikdirilişi. Zarýadlanan kondensatoryň elektrik meýdanynyň energiýasy.
  1. Pružinden asylan ýüküň yrgyldysyna degişli mesele.

20-nji soragnama

  1. Elektromagnit meýdany. Gersiň wibratory. Elektromagnit tolkunlary we olaryň häsiýetleri.
  1. Ýangyjyň energiýasy. Ýanmagyň udel ýylylygy.
  2. Yrgyldyly herekete degişli mesele.

21-nji soragnama

  1. Gaz kanunlary. Izoprosesler.
  2. Ýagtylygyň difraksiýasy. Difraksion gözenek. Golografiýa barada düşünje.
  3. Termodinamikanyň birinji kanunyna degişli mesele.

22-nji soragnama

  1. Magnit meýdany. Amperiň kanuny. Lorens güýji.
  2. Maddanyň gurluşy. Maddanyň agregat hallary we olaryň molekulýar-kinetik nukdaýnazardan düşündirilişi.
  1. Elektromagnit induksiýa hadysasyna degişli mesele.

23-nji soragnama

  1. Güýç. Nýutonyň ikinji kanuny. Jisimiň impulsy. Güýjüň impulsy. Güýçleriň goşulyşy.
  1. Ýagtylygyň basyşy. Ýagtylygyň himiki täsiri.
  2. Atmosfera basyşyna degişli mesele.

24-nji soragnama

  1. Do­ly zyn­jyr üçin Omuň ka­nu­ny.
  2. Radioişjeňlik. Alfa, betta, gamma şöhlelenmeleri.
  3. Izoproseslere degişli mesele.

25-nji soragnama

  1. Suwuklyklardaky we gazlardaky basyş. Paskalyň kanuny.
  1. Elektrolitlerde elektrik togy. Elektroliz we onun kanunlary. Türkmenistanda reňkli metallurgiýanyň ösüşi.
  1. Mendeleýewiň — Klapeýronyň deňlemesine degişli mesele.

26-njy soragnama

  1. Bölejikler we antibölejikler.
  2. Rentgen şöhlelenmeleri we onuň ulanylyşy.Komptonyň effekti.
  1. Geçirijileriň yzygider birikdirilişine degişli mesele.

27-nji soragnama

  1. Mejbury yrgyldylar. Rezonans.
  2. Agyrlyk güýji. Agyrlyk güýjüniň täsirindäki hereket.
  3. Kulonyň kanunyna degişli mesele.

28-nji soragnama

  1. Bugarma. Kondensasiýa. Gaýnama. Bug emele gelmeginiň udel ýylylygy.
  1. Ýagtylygyň dispersiýasy. Gýugensiň — Freneliň prinsipi. Freneliň zona (zolak) usuly.
  2. Howanyň çyglylygyny hasaplamaga degişli mesele.

29-njy soragnama

  1. Mehaniki iş we kuwwat. Işiň we kuwwatyň ölçeg birlikleri.
  2. Ýarymgeçiriji diod. Tranzistor.
  3. Elektromagnit yrgyldylarynyň amplitudasyny, periodyny, ýygylygyny hasaplamaga degişli

mesele.

30-njy soragnama

  1. Içki energiýa. Ýylylyk mukdary. Ýylylykmukdaryny hasaplamak.
  1. Gýugensiň prinsipi. Ýagtylygyň döwülmegi.Döwülme kanunlary.

3. Joul-Lensiň kanunyna degişli mesele.

 

Ahalteke bedewleri – gözelligiň nusgasy

 

 

Ýene-de okaň

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Teswirle