TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Green Card” 2024: Resminamalary kabul edişlik başlady

Öň Size habar berişimiz ýaly, “Green Card” 2024: boýunça resminamalary kabul edişlik 5 Oktýabr 2022 senesinde başlady.  Resminamalary tabşyrmak üçin diňe şu salgydan  (https://dvprogram.state.gov/)      peýdalanyň! Grin Kard boýunça resminamalar kabul edişlik 2022-nji ýylyň 8-nji noýabryna çenli dowam edýär. Ýeňijiler 2023-nji ýylyň 6-nji maýynda ýokaryda bellenen salgydan yglan ediler.

Resminamalary özüňiz tabşyrmak maslahat berilýär we şu salgyda görkezilen gözükdirijiden peýdalanyň!
Grin Karda resminamalar tabşyrmak üçin şu salgyda görkezilen talaba laýyk fotosurat we möhleti bolan pasport gerekdir.

Gatnaşyjylar soragnamany diňe bir gezek tabşyryp bilerler, bir gezekden köp tabşyrylsa, gatnaşmak hukugyny ýitirýarler. DW-2024 meýilnama barada giňişleýin maglumat şu salgyda elýeterlidir. Iňlis dilinde berilen DW-2024 gözükdirmesi (PDF 374 KB) ýeketäk resmi gözükdirmesidir.

Eýsem “Green Card” näme?

Mälim bolşy ýaly, her ýylda ABŞ-nyň “Green Card” (Grin Kard ) Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmek mümkinçiligini berýär. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýa boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar.

Grin Karda her kimiň özüniň ýüztutmalydyny ýatlatmak isleýäris.  Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan maglumatyny  täzeden ýatlatýarys!  Resminamalary tabşyrylandan soňra berlen onlaýn kody berk saklamak wajypdyr.

 

Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň!

Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň!
Internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan, ýa-da elektron poçta arkaly gelýän nädogry maglumaty, resmi maglumat ýaly görkezip aldawa salýan internet sahypalardan seresap boluň we giňişleýin maglumat bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz. DW-2024 gatnaşmak üçin internet arkaly tabşyrylýan elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyny maslahat berýäris. Soragnamany doldyrmak aňsat hem tölegsizdir.

 

 

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

 

 

Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

 

 

 

Ýene-de okaň

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Ata Watan Eserleri

Hindistana barjak daşary ýurtlular üçin täze düzgünler

Teswirle