TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Biz düýn Size bir habar ýetiripdik we  Grin Kard 2024 loterýasy boýunça entek resminamalaryň kabul ediş senesiniň mälim edilmändigini beýan edipdik. Bu habarymyzdan birnäçe sagat soňra bu barada anyk senenama yglan edildi. Bu baradaky ygtyýarly edaranyň web saýtyndaky maglumata görä, 2024-nji ýyl üçin Grin Kard loterýasy boýunça resminamalary, 2022-nji ýylyň 5-nji Oktýabrynda sagat 12 :00-de  (GMT-4) başlaýar we resminamalar online kabul edişlik 2022-nji ýylyň Noýabr aýynyň 8-ne sagat 12:00-de (GMT-5) tamamlanýar.  Resminamalar şu salgyda  (https://dvprogram.state.gov/) online kabul edilýär. 2024-nji ýyl üçin resminamalar tabşyran wagtyňyz şu linkdäki gözükdirijiden peýdalanmak maslahat berilýär.

Biz möhüm maglumatlary özünde jemleýänligi üçin düýnki habarymyzdaky degişli bölümleri Size gaýtadan ýetirýäris.

Eýsem “Green Card” näme?

Mälim bolşy ýaly, her ýylda ABŞ-nyň “Green Card” (Grin Kard ) Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmek mümkinçiligini berýär. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýa boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar.  2024-nji  ýyl üçin  soragnamalar 5-nji Oktýabrda kabul edilip başlanýar.  DW lotereýa barada giňişleýin maglumat berkidilen şu salgyda elýeterlidir.

Utujularyň köp göterimi, ABŞ-a immigrasiýa az baran ýurtlarda doglan adamlara berilýär. Utan adamlara, olaryň indiki etmeli ädimleri barada ýörite gözükdirme ulgam arkaly berler. Bellemeli zat, resminamalar tabşyrmazdan ozal, bu baradaky görkezijiniň  doly we ünsli okalmagy maslahat berilýär.  Resminamalar onlaýn tertipde tabşyrylýar.  (dvselectee.state.gov ). Resminamalary tabşyrylandan soňra berlen onlaýn kody berk saklamak wajypdyr.

Grin Karda her kimiň özüniň ýüztutmalydyny ýatlatmak isleýäris.  Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geçen ýyl ýaýradan maglumatyny  täzeden ýatlatýarys!

Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň!

Internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan  ýa-da elektron poçta arkaly gelýän nädogry maglumaty, resmi maglumat ýaly görkezip aldawa salýan internet sahypalardan seresap boluň we giňişleýin maglumat bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz. DW-2024 gatnaşmak üçin internet arkaly tabşyrylýan elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyny maslahat berilýär. Soragnamany doldurmak aňsat hem tölegsizdir.

 

Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

 

 

 

Ýene-de okaň

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Ata Watan Eserleri

Hindistana barjak daşary ýurtlular üçin täze düzgünler

Teswirle