TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Green Card” (Grin Kard) boýunça resminamalar kabul edilip başlandymy?

“Green Card 2024”  lotereýasy üçin hyzmat berýän diýip “hyzmat tölegini” talap edýänler bar, bu dogrumyka diýip käbir okyjylarymyz bize ýüz tutýar. Ilki bilen 2024-nji üçin resminamalaryň kabul edişligiň entek başlamandygyny we haçan başlajakdygy barada maglumatyň  resmi  taýdan yglan edilmändigini bellemek isleýäris. Şeýle hem, bu lotereýa her kimiň özüniň ýüz tutmalydygyny, bu ulgamda hyzmat bermek üçin resmi taýdan ygtyýarlandyran hiç bir şahs we edaranyň ýokdugyny ýatlatmak isleýäris. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geçen ýyl ýaýradan maglumatyny biz öň saýtymyza ýerleşdiripdik, täzeden ýatlatýarys!

Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň!

Internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan  ýa-da elektron poçta arkaly gelýän nädogry maglumaty, resmi maglumat ýaly görkezip aldawa salýan internet sahypalardan seresap boluň we giňişleýin maglumat bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz. DW-2024 gatnaşmak üçin internet arkaly tabşyrylýan elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyny maslahat berilýär. Soragnamany doldurmak aňsat hem tölegsizdir.

Eýsem “Green Card” näme?

Mälim bolşy ýaly, her ýylda ABŞ-nyň “Green Card” (Grin Kard ) Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmek mümkinçiligini berýär. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýa boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar.  2024-nji  ýyl üçin  soragnamalar  ýakynda kabul edilip başlanýar.  DW lotereýa barada giňişleýin maglumat berkidilen şu salgyda elýeterlidir.

Utujularyň köp göterimi, ABŞ-a immigrasiýa az baran ýurtlarda doglan adamlara berilýär. Utan adamlara, olaryň indiki etmeli ädimleri barada ýörite gözükdirme ulgam arkaly berler. Bellemeli zat, resminamalar tabşyrmazdan ozal, bu baradaky görkezijiniň  doly we ünsli okalmagy maslahat berilýär.  Resminamalar onlaýn tertipde tabşyrylýar.  (dvselectee.state.gov ). Resminamalary tabşyrylandan soňra berlen onlaýn kody berk saklamak wajypdyr.

Eýsem 2024-nji ýyl üçin Grin Kard haçan başlaýar? Ýokaryda hem belläp geçişimiz ýaly, bu barada  entek anyk maglumat ýaýradylmady, emma Oktýabr aýynyň dowamynda resminamalaryň kabul edip başlanmagyna  we Noýabr aýynyň bellenen gününe çenli dowam etmegine garaşylýar. Bu barada anyk maglumat resmi taýdan ýaýradylanda biz okyjylarymyza bu maglumaty ýetireris.

Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

 

 

 

Ýene-de okaň

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Ata Watan Eserleri

Hindistana barjak daşary ýurtlular üçin täze düzgünler

Teswirle