22/10/2020 8:57
Home DÜNÝÄ Pakistanda TOPH taslamasynyň gurluşygyna başlanar

Pakistanda TOPH taslamasynyň gurluşygyna başlanar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda soňky ýyllarda dostlukly, ynamdar türkmen-pakistan gepleşikleriniň täze mazmuna eýe bolandygy bellenildi.

Söhbetdeşlikde energetika pudagynda, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde strategiki esas bolup durýan söwda we ykdysady ugurda özara gatnaşyklaryň okgunly ösüşine üns berildi.

TOPH taslamasynyň türkmen böleginde gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlaýjy tapgyrda

Häzirki wagtda bu taslamanyň türkmen böleginde gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy bellenildi. Golaýda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda taslamanyň owgan böleginde ýer böleklerini saýlap almak babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilendigi we munuň goňşy ýurduň çäginde işleriň has-da işjeňleşdirilmegine goşant goşjakdygy mälim edildi.

Şuna baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti pakistanly kärdeşiniň goldaw bermeginde ýakyn wagtda bu gaz geçirijisiniň Pakistanyň çägindäki gurluşygyna hem başlanjakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň ykdysady ösüşine täze itergi berýän bu möhüm taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, döwletlerimizi goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk baglanyşyklary bilen hasam baglanyşdyrar we parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm faktoryna öwrüler.

Okap bilersiňiz  Prezident Ärdogana lukmançylyk serişdeleri üçin minnetdarlyk haty

Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň umumy ýagdaýy we söwdanyň işjeňligi barada düýpli bilelikdäki seljermeleri geçirmegiň maksadalaýykdygy bellendi. Bu ýerde hökümetara türkmen-pakistan topary özüni has işjeň görkezmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi we bu toparyň nobatdaky ýygnagyny ýakyn wagtda onlaýn formatda gurmagy teklip edýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşyndan iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklar barada hem pikir alşyldy.

Okap bilersiňiz  1000 sany kinony 1 sekuntda :Internette tizlik

TOPH GAZ GEÇIRIJISI BARADA SAÝTYMYZA ÝERLEŞDIRILEN HABARLARYŇ  KÄBIRLERI

TOPH taslamasy işjeňleşdirilýär

TOPH gaz geçirijisi: Telefon söhbetdeşlikde ähmiýeti nygtaldy

TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti

Saud ösüş gaznasyndan TOPH gaz geçirijisi maliýe kömegi

Hindistandan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga uly gyzyklanma

Realization of Turkmenistan-Afghanistan-Pakistan-India (TAPI) pipeline

EBRD:TAPI project and Trans-Caspian gas pipeline

TAPİ Projesine 700 Milyon USD Yeni Fon

Eşref Gani: TAPİ projesinin güvenliğinde hiçbir sorun yok

TAPİ doğalgaz boru hattının önemi

The President of Turkmenistan discussed the TAPI and other aspects of interstate cooperation with the Ambassador of India

TAPI Gaz Boru Hattı: Fikirden Gerçeğe Doğru

 

Okap bilersiňiz  Gonkong iň köp syýahat edilen şäher

Bulary hem okaň!

Ses we ýylylyk saklaýjy serişdeler öndüriler

Zähmet haklary ýokarlandyrmak: 2021-nji ýylyň býujeti

2020 ýyly üçin ykdysady çaklamalary

Birža paýdarlar jemgyýetine öwrüler: Paýnamalar hususy tarapa satylar

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Dünýäde şeýlebir bagt bar, ol seniň çagalyk arzuwlaryň wysal bolanda ýüze çykyp, seniň nurly dideleriňe mähir – muhabbete besläp, başyňy göge ýetirýär. Ol bagt...

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik....

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris.
Okap bilersiňiz  Kasemironyň şertnamasy uzadyldy
Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýörite uçar gatnawlary dowam edýär

Türkmenistanyň hökümeti ýiti öýken sowuklama keseli sebäpli emele gelen çäklendirmeler zerarly daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlaryny ýurdumyza getirmegi dowam etdirýär. Ozal hem saýtymyz arkaly beren...

 Söýmek, söýülmek- iň elýetmez bagt

Biz bu bahar paslynda çagajyklarymyzy alyp, daga gezelenje gitdik. Meýdanyň gözel görki çagalaryň göwnüni açdy. Olaryň şadyýan gülki sesleri sähra guşlarynyň owazy bilen garyşyp,...

Göz-penjire, ýürek-aýna

Täze nikalaşan maşgala täze öýüne göçüp geldiler. Irden ertirlik edinýärdiler, goňşysy ýuwulan eşiklerini serýärdi. Gelin ýoldaşyna: “Eşiklerini gowy ýuwmandyr, gowy tämizleýiji serişdesini ulanmaýarmyka” –diýdi....

              Watan-başymyzyň täji

      Watan! Bu söz, gör nähili ýakymly! Bu sözde giden bir many ýatyr. Bu sözde asudalyk, abadanlyk,      agzybirlik, dostluk bar. Ir säher bilen...