No menu items!
23/09/2020 12:48
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Hindistandan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga uly gyzyklanma

Hindistandan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga uly gyzyklanma

Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow  Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Rama Natha Kowindanyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny ýetirdi. Olar netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýlip TDH habarynda aýdylýar.

Habarda şunuň bilen baglylykda, Hindistanda Türkmenistanyň Baştutanynyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň, milli Liderimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň bähbidine öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlarynyň doly goldanylýandygy bellenildi diýilýär.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy, ruhy we medeni kökleriň baglanyşdyrýandygyny, munuň şeýledigine orta asyrlaryň taryhy senenamalarynyň, dostlukly ýurduň çäklerinde saklanyp galan ýadygärlikleriň şaýatlyk edýändigini nygtady.

Abdyrahym han Hindistanyň taryhyna şöhratly sahypany ýazdylar

Türkmen halkynyň beýik ogullary – ajaýyp döwlet işgäri we serkerdesi, akyldar we Gündogaryň zehinli edebiýatçysy Baýramhan türkmen we onuň ogly Abdyrahym han Hindistanyň taryhyna şöhratly sahypany ýazdylar, olaryň mirasyna hindiler örän uly hormat we sarpa bilen garaýarlar. Hindistanyň paýtagtynyň merkezinde bina edilen Türkmen derwezesi iki halkyň medeni gatnaşyklarynyň binagärlik nyşany we utgaşmasy bolup durýar.

Hindistan Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşy

Hindistan ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz türkmen-hindi gatnaşyklaryna tüýs ýürekden guwanýarys hem-de ony has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwrüň talaplaryna we özara bähbitlere laýyk gelýän hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň tassyklanylan hemişelik Bitaraplyk derejesi “açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge hem-de durnukly ösüşe, parahatçylyga we ählumumy rowaçlyga gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürmäge ýardam berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ýola goýlan ýokary derejedäki we özara ynanyşmak ýagdaýyndaky türkmen-hindi gatnaşyklary hem-de iki ýurduň halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi şol gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gurluşyk Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmäge, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ilçi Hindistanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagynyň sebit we dünýä derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili şu geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depgininiň saklanyp galýandygyny kanagatlanma bilen belläp, Söwda-ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Energetika we ulag ýaly möhüm ulgamlarda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Türkmenistan bu ulgamlarda netijeli başlangyçlary, şol sanda ýük daşamak üçin ykdysady taýdan bähbitli ýollary üpjün edýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmaga degişli başlangyçlary öňe sürdi.

Saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklar

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi barada aýdyp, bu özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Möhüm ähmiýetli bilelikdäki türkmen-hindi taslamalarynyň biriniň durmuşa geçirilmegi – “Türkmenderman Ajanta Farma Limited” kärhanasynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Taryhy we medeni kökleriň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklaryň özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kemala getirmäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen we hindi halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen, ynsanperwer alyşmalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Şeýle hem ylym-bilim, döwrebap maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy nygtaldy.

Diplomat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

IŇ TÄZE HABARLAR

2024-nji ýylda 2 sany kosmonawt Aýa iberiler

NASA-nyň habar bermegine görä, täze “Artemis” taslamasy taýýarlandy. Taslamanyň çäklerinde 2024-nji ýylda erkek we aýal kosmonawtyň (jemi 2 sany) Aýa iberiljekdigi habar berildi. NASA-nyň...

Taryhda şu gün – 23-nji sentýabr

23-nji sentýabr ýylyň 266-njy güni. Geliň, taryhda 23-nji sentýabrda bolup geçen taryhy wakalar, dünýä inen adamlar we aradan çykanlar bilen gysgaça tanyş bolalyň. Taryhy wakalar: 1908...

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýewropanyň iň beýik telediňi

Türkiýäniň täze teleýaýlym we radio diňi doly işe taýýardygy habar berildi.  Stambul şäheriniň iň beýik ýerlerinden biri bolan Çamlyk sebitinde täze diňiň işe başlamagyna...

“Söýgi – durmuşyň özeni”

“Söýgi durmuşy many bilen doldurýar, manynyň peýda bolmagy bilen gelejek hem  peýda  bolýar.”                        ...

Naýbaşy kubogyň eýesi 29-njy sentýabrda belli bolar

Türkmenistanyň futbol boýunça Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygyň geçiriljek güni belli edildi. Ýurduň Futbol federasiýasy resmi saýtynda bu duşuşygyň şu ýylyň 29-njy sentýabrynda geçiriljekdigini habar...

Ýedi ýyldan soň… ilkinji gezek akordy üýtgetdi

Dünýäniň iň haýal saz kompozisiýasy ýedi ýyldan soň ilkinji gezek akordyny üýtgetdi. 2020-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda çap edilen Soprano Anohanna Wargas we kompozitor Julian...