20/10/2020 22:32
Home IŇ TÄZE HABAR Birža paýdarlar jemgyýetine öwrüler: Paýnamalar hususy tarapa satylar

Birža paýdarlar jemgyýetine öwrüler: Paýnamalar hususy tarapa satylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasyny paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar.

Bu ugurda geçirilýän işler baradaky hasabat Ministrler Kabinetiniň mejlisinde garaldy. Döwlet biržasynyň işini kämilleşdirmek babatda onuň 2020-2025-nji ýyllar üçin strategiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen guramaçylyk hukuk görnüşini üýtgetmek we açyk görnüşli paýdarlar görnüşine öwürmek baradaky teklip hödürlendi.

Biržanyň işi ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ýerlemekden ybaratdygy nazara alnyp, paýdarlar hökmünde eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň paýly gatnaşyklary hem-de paýnamalaryň belli bir bölegini Aşgabat gazna biržasynyň üsti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy taraplara ýerlemek teklip edilýär.

Şunuň baglylykda gyzyklanma bildirýän edaralaryň hem-de kärhanalaryň sanawy taýýarlandy.

Hormatly Prezidentimiz biržanyň işiniň ýokarlandyrylmagy babatda bazaryň täze şertlerinde birža söwdalarynyň esasy ugurlaryny emele getirýän birnäçe ugurlarynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz dünýä tejribesinde biržalaryň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň paýdarlar görnüşindedigine ünsi çekip, göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilmeginiň netijesinde biržada baglaşylan geleşikleriň dolanyşygynyň hem-de onuň girdejileriniň ep-esli artdyrylmagyny gazanmagy başartjakdygyny belledi.

Okap bilersiňiz  “Mançester Siti”-niň kapitanyna Katarda garaşýarlar
Okap bilersiňiz  Asmanyň ýedi reňkli ýaýy

Bulary hem okaň!

Zähmet haklary ýokarlandyrmak: 2021-nji ýylyň býujeti

2020 ýyly üçin ykdysady çaklamalary

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

IŇ TÄZE HABARLAR

Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda ýurtlaryň orny

Dünýäniň 93 ýurdunyň 1500-den gowrak uniwersitetleriniň “okatmak, ylmy-barlag we halkara dünýägaraýyş” ýaly ugurlar boýunça sanawy taýýarlandy. “Times Higher Education” edarasynyň dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň...

Zebra pirogy

Taýýarlamak üçin gerek önümler:
Okap bilersiňiz  Dünýä belli türgeniň ilkinji çagasy
1 ýumurtga 1 bulgur şeker 1 bulgur gatyk 1 bulgur un 1 çaý çemçesi wanilin 1 çaý çemçesi gabartma tozy ...

NASA Aýda 4G tehnologiýasyny gurar

“NASA” we “Nokia” kompaniýasy bilelikde Aýda 2028-nji ýyla çenli 4G tehnologiýasyny işlemäge gönükdirilen taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Amerikan Aerokosmos Guramasy (NASA) we “Nokia” tehnologiýa kompaniýasy...

Welosiped önümçiliginiň öňdebaryjysy kim?

Ýewropada howanyň üýtgemegine garşy göreşde awtoulag önümçiliginde elektrikli ulaglara has köp ähmiýet berilýän bolsa, welosiped önümçiligi hem ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Ýewropa Bileleşiginde welosiped önümçiliginde...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“iPhone 12 Pro Max” we “Galaxy Note 20 Ultra” haýsy gowy?

Häzirki wagtda sanly tehnologiýanyň ösmegi bilen dünýäde iri kompaniýa hasaplanylýan “Apple” we “Samsung” kompaniýasy özleriň “iPhone” we “Galaxy” modelleri bilen yzygiderli bäsleşýär. Ýeri gelende...

Hyzmat kärhanalarynyň işiniň çäklendirme möhleti

Türkmenistanda ýiti öýken keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen hyzmat pudagyna degişli kärhanalaryň işi şu ýylyň 15-nji noýabryna çenli çäklendirildi. Bu barada “orient.tm” internet...

Kitap-geçmişimizden geljege şugladyr.

KITAP  zehin gözbaşydyr. Ondaky jemlenen maglumatlar  biziň üçin altyn zerden  gymmatly hasaplanylýar. Il içinde: özbaşdak  kitap  ýazmak, çap etmek sogap bilinýär. Siziň  çykaran kitabyňyz...

Meşhur “Apple” kompaniýasy : barada bilýärdiňizmi?

“Apple” kompaniýasy 1976-njy ýylyň 1-nji aprelinde döredilip, baş edarasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherinde ýerleşýär. “Apple” kompaniýasy sarp ediş elektronikasyny, kompýuter programma üpjünçiligini we...