No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 11:15
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR TOPH gaz geçirijisi: Telefon söhbetdeşlikde ähmiýeti nygtaldy

TOPH gaz geçirijisi: Telefon söhbetdeşlikde ähmiýeti nygtaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de belent ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we sahawatlylygyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň mundan beýläk hem tutuş musulman ymmatynda agzybirligi hem-de raýdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän doganlyk hem-de birek-birege hormat goýmak däbiniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygy nygtaldy. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly esasy bolup hyzmat edýär.

Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga we iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigi hem-de şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, koronawirus pandemiýasy meselesine deglip geçildi. Bu kesel örän giň çäkleri gurşap alyp, köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna oňaýsyz täsir edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň COVID-19-a garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň işini doly goldaýandygyny nygtap, adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan bu howpa garşy üstünlikli göreşmek üçin halkara derejesinde utgaşykly tagallalaryň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen “Lapis Lazuli” ylalaşygynyň çäklerinde döredilen ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn belledi.

Bu geçelgäniň ulanmaga berilmegi Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagyna, netijede bolsa, Ýewraziýa yklymynyň iri sebitleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ýakynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň netijesi boýunça gazanylan ylalaşyklar ulag geçelgesini işjeňleşdirmek we ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek babatynda möhüm ädim boldy.

Mundan başga-da, TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan —Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki- süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy ýaly energetika, ulag hem-de aragatnaşyk ulgamyndaky giň möçberli taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýene-de birek-biregi Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk hem-de asylly işlerinde üstünlikleri, türkmen we owgan halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Hemişe bolşy ýaly, bu gün agşamam maşgala agzalarymyz jem bolup, okuw, etika, gözellik, metbugat täzelikleri, okalan eserler dogrusynda özara pikir alşyp otyrkak, 1-nji synpda...

Bütindünýä söwda guramasy: Maýadarlary çekmek üçin mümkinçilikler

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň...

«BOSS» ― täze witaminli içgi

Türkmenistanda witaminli içgileri öndürijileriň hataryna telekeçi Meretguly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky hususy kärhana hem goşuldy. «Ak Ýol» söwda belgili kärhana «BOSS» atly täze witaminli içgisini önümçilige...

Halkara syýahatçylygynyň ýitgisi

Dünýädäki koronawirus ýokanjy sebäpli halkara syýahatçylyk pudagynyň ýanwar-maý aýlary aralygyndaky ýitgisi 273 milliard ýewro deň boldy. “Euronews” teleýaýlymynyň habar bermegine görä,  Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň...