BILIM

Diplom ykrar etmek boýunça talaplara kimlere degişli däldir?

Resminamalary (Diplom) ykrar etmek üçin bildirilýän talaplary saýtymyza ýerleşdiripdik . Şol habary şu ýere basyp okap bilersiňiz!

Şol talaplardan  1-nji bendinde görkezilen talaplar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy karary bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibiniň herekete girmezinden öň hereket eden kanunçylyga laýyklykda okuwa girenleriň Resminamalaryna degişli däldir.

Şol talaplardan 1-2-nji bentlerinde görkezilen talaplar aşakdakylara degişli däldir:

a) Türkmenistanyň hökümetara, pudagara halkara şertnamalaryna laýyklykda okuwa iberilen adamlara berlen Resminamalara;

b) 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan öň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet ýa-da döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk döwlet akkreditasiýasyny ýa-da halkara akkreditasiýasyny geçen hünär bilimi edaralaryna, beýleki daşary ýurt döwletleriniň bolsa, şol döwletlerde resmi ygtyýarlygy bolan bilim edaralaryna okuwa girip, okuwyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana görnüşi boýunça okuwy tamamlap alnan Resminamalara;

ç) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarynyň çözgüdi esasynda ykrar edilýän Resminamalaryna;

d) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlere bolan zerurlyklaryny esaslandyryp beren ýüztutmasy boýunça, degişlilikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň bölümleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarynyň rugsady ýa-da iki ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolup, okuwa girenleriň Resminamalaryny ykrar etmek barada iş berijisiniň towakganamasy bolan ýagdaýynda, 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy karary bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibiniň herekete girmezinden öň okuwyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana görnüşine okuwa girip, okuwy tamamlap alnan Resminamalara,

Şol talaplardan  3-nji bendinde görkezilen talaplar aşakdakylara degişli däldir:

a) hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde okalyp alnan Resminamalara;

b) aýratyn tapawutly ukyplylaryň okuw maksatnamasyny özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça wagtyndan öň özleşdirip alan Resminamalaryna.

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Ýerli we halkara okuw mekdepleri: Ähli habarlar bir ýerde

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk mekdep gurlar

Türkmenistanyň we Gruziýanyň uniwersitetleriniň onlaýn duşuşygy

Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly elektron žurnallary dörediler

Türkmen uniwersiteti Aziýanyň iň gowy uniwersitetleriniň biri bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bag ekmek çäresi geçirdi

2025-nji ýylyň iň gowy uniwersitetleri