BILIM

Diplom ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy karary bilen tassyklanan “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibine” laýyklykda Türkmenistanyň raýatlaryna, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara daşary ýurt döwletlerinde 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň berlen Resminamalar ykrar edilmäge degişlidir. Şunda 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan öň okuwa girip, bu seneden soň alnan Resminamalar Türkmenistanyň Döwlet synaglary tabşyrylmazdan ykrar edilýär.

Resminamalary ykrar etmek işi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Resminamalary ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar:

1) Resminamalar şu hünär bilimi edaralary tarapyndan berlen bolmalydyr:

  1. a) Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin döwlet hünär bilimi edaralary, beýleki daşary ýurt döwletleri üçin şol döwletlerde resmi ygtyýarlygy bolan hünär bilimi edaralary tarapyndan;
  2. b) Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça Resminamalar dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna giren ýokary okuw mekdepleri tarapyndan;

2) okuwlar gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşinde bolmalydyr.

3) Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin hünär bilimi maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen möhletlerden az bolmaly däldir. Beýleki daşary ýurt döwletleri üçin hünär bilimi maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) tarapyndan tassyklanan Bilim klassifikasiýasynyň Halkara standartynda bellenen möhletlere laýyk gelmelidir.

Ýerli we halkara okuw mekdepleri: Ähli habarlar bir ýerde

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasyna agzalyga kabul edildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ähtnamalara gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň uniwersitetleri Aşgabatdaky sergä gatnaşýar

Himiýa boýunça Nobel baýragyny gazananlar belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkiýeden 90 uniwersitet abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girdi

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri-2025: Türkmenistandan 13 habarçy agza