BILIM

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti: Talyp: 2021

Hormatly okyjylarymyz!

Biz Size ilki bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti baradaky maglumaty ýetirýäris. Yzygiderli tertipde ähli okuw mekdepleri boýunça maglumatlary aýratynlykda Size ýetireris.

Ähli ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar tabşyrmak boýunça maglumatlary almak üçin  ATAWATAN TALYP 2021 şu ýere basyň!

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlyk ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

Ýokary okuw mekdepleri: Ähli habarlaryň jemlenen ýeri

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETI

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlyk ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

Hünärmen maksatnamasy:

  1. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (hünärler: nebitgaz känlerini özleşdirmek we ulanmak; nebit we gaz guýularyny burawlamak; nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geologiýasy; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; geologik kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary; markşeýder işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak).
  2. Himiýa tehnologiýalary (hünär: nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy).
  3. Tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaşdyryş (hünär: daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak).
  4. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünärler: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi).
  5. Maşyngurluşyk (hünär: sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary).
  6. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünär: nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy).
  7. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hemde awtomatikasy; gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary).
  8. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: ykdysadyýet we dolandyryş (nebitgaz pudagynda)).
  9. Bakalawr maksatnamasy:
  10. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: dag işleri).
  11. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (taýýarlygyň ugry: standartlaşdyrmak we metrologiýa).
  12. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: tehnologiki maşynlar we enjamlar).
  13. Elektro we ýylylyk energetikasy (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika).
  14. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: işgärleri dolandyryş (nebitgaz pudagynda)).

III. Bakalawr maksatnamasy (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar):

  1. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugurlary: nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi).
  2. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy).
  3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: programma inženerligi).
  4. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: logistika (nebitgaz pudagynda)).

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 28-29-y, 30-y we 31-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 11-12-si, 13-i we 14-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 17-si we 18-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler we taýýarlygyň ugurlary: nebitgaz känlerini özleşdirmek we ulanmak; nebit we gaz guýularyny burawlamak; nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geologiýasy; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; geologik kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary; markşeýder işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak; maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi; sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary; nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hemde awtomatikasy; gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary; ykdysadyýet we dolandyryş (nebitgaz pudagynda); dag işleri; tehnologiki maşynlar we enjamlar; elektroenergetika we elektrotehnika; işgärleri dolandyryş (nebitgaz pudagynda) — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler we taýýarlygyň ugurlary: nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy; daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak; standartlaşdyrmak we metrologiýa — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar): nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi; programma inženerligi; logistika (nebitgaz pudagynda) — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy — iňlis dili, himiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Taýýarlygyň ugurlary (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) boýunça giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärler okuw işini geçirmek üçin ýeterlik derejede iňlis dilini bilşini barlamak maksady bilen test tabşyrýarlar. Iňlis dilini erkin bilýän dalaşgärler 1-nji okuw ýylyna kabul edilýär. Iňlis dilini erkin bilmeýän dalaşgärler bir okuw ýylynyň dowamynda dil taýýarlygy okuwyny goşmaça geçýärler, okuwlaryň jemleri boýunça oňyn bahanyň alynmagy olara saýlap alan taýýarlygynyň ugry boýunça 1-nji okuw ýylynda okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, tel.: 391374, 391370.

Her bir ýokary okuw jaýlary boýunça resminama tabşyrmak üçin maglumatlary aýry habarlar görnüşinde saýtymyza iň gysga wagtda ýerleşdireris.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlaryna Russiýada okamak mümkinçiligi

Türkmenistanly okuwçylar 397 medal gazandylar

ABŞ-nyň uniwersitetiniň şahamçasyny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde açmak meýilleşdirilýär

ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanda şahamçasy açylyp biler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ABŞ-nyň Kent uniwersiteti ähtnama gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ABŞ-nyň uniwersitetleriniň şahamçalaryny açmak maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri