SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: içerki gatnawlar üçin rugsatnama

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynda koronawirus ýokanjynyň öňüni almak maksady bilen 2021-nji ýylyň 29-njy apreli-17-nji maýy aralygynda çäklendirmeler güýçlendirildi. Şu döwürde “Türh Howa Ýollary” milli awiasiýa kompaniýasynyň hem içerki we daşary ýurt gatnawlarynda göz öňünde tutan çäreleri bar.

Şoňa laýyklykda, içerki gatnawlarda 2021-nji ýylyň 29-njy apreli-17-nji maýy aralygynda awiakompaniýanyň hyzmatyndan peýdalanmak isleýän ýolagçylaryň syýahat etmek üçin rugsatnamalaryny  we gatnaw üçin HES kodyny alandan soňra uçuşyny amala aşyryp biljekdigi mälim edildi. Bu barada awiakompaniýanyň internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

bu baradaky täzelikleri yzygiderli internet sahypasyndna yzarlamak bolar.

Şeýle hem bu barada awiakompaniýanyň metbugat sekretary Ýahýa Üstün jemgyýetçilik torundan maglumat berdi. Ol içerki gatnawlarda syýahat üçin rugsatnama alynmalydygyny belläp, daşary ýurt saparlarynda bu rugsatnama zerurlygyň ýokdugyny belledi.

Ýahýa Üstün daşary ýurt gatnawlarynda syýahat rugsatnama resminamasyna zerurlygyň ýokdugyny, ýöne barýan ýurduň şertleri göz öňünde tutulyp, koronawirus ýokanjy babatda lukmançylyk barlagyndan geçmeli bolup biljekdigini belledi.

Türkiýede 3 hepdelik döwürde şäherara gatnawlarda köpçülikleýin jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanylanda olaryň sygymynyň 50 göteriminden peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Iňlis dilini bilmek üçin näçe söz öwrenmeli ýa-da näçe wagt gerek?

 

Dünýäde näçe web saýt hereket edýär?

 

Dünýäniň iň abraýly 100 kompaniýasy

Ýene-de okaň

“Eşretli syýahat” Gyrgyzystanda syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

Aşgabat halkara mekdebi dynç alyş çäresine çagyrýar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy gemodializ enjamyny sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar