BIZNES

Dünýäniň iň abraýly 100 kompaniýasy

Ýaňy-ýakynda “Time” žurnaly tarapyndan iň abraýly 100 kompaniýabyň sanawy düzüldi. Sanaw neşiriň web sahypasynda çap edildi.

Sanawda redaksiýa we bilermenleriň pikirleri göz öňünde tutulyp taýýarlandy. Reýting “Ilkinjiler”, “Öňdebaryjylar”, “Täzelikçiler”, “Ägirtler” ýaly kategoriýalarda düzüldi.

“ilkinjiler” kategoriýasynda birinji orny aktrisa we prodýuser Riz Uizerspun tarapyndan döredilen “Hello Sunshine” mediakompaniýasy eýeledi. Bu bölümde Riannanyň kompaniýasy hem orun aldy.

“Öňdebaryjylar” kategoriýasynda birinji orny Milli basketbol assosiasiýasy eýeledi. Şeýle hem bu kategoriýada “Apple”, “Sony”, “Nike” ýaly kompaniýalar, “Twitter” jemgyýetçilik tory, “Mastercard” maliýe korporasiýasy hem ýerleşdi.

“Täzelikçiler” kategoriýasynda “Gro Intelligence” analitik kompaniýasy birinji orny eýeledi. Şeýle hem bu kategoriýada “Moderna” biotehnologiýa kompaniýasy, “Netflix” hyzmat kompaniýasy, “Zoom” wideomaslahat hyzmatyny amala aşyrýan maksatnamasy orun aldy.

“Ägirtler” kategoriýasynda birinji orun “General Motors” kompaiýasyna degişli boldy. Şeýle hem bu kategoriýadaky sanawa “Facebook” jemgyýetçilik tory, “Disney” media kompaniýasy, “Google” korporasiýasy, “Microsoft” hem-de “Amazon” kompaniýalary goşuldy.

Azmun bilen gyzyklanýanlar köpelýär

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär