TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Saglyk Wizasy Üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy : Türkiýe wizalary

Türkiýe wizasy üçin gerek bolan resminamalaryň sanawyny wiza görnüşleri boýunça okyjylarymyza ýetirmäge dowam edýäris. Biz Size öň, syýahatçylyk we biznes wizasy üçin gerekli resminamalaryň sanawyny beren bolsak, bu gezek Size saglyk wizasy üçin zerur bolan resminamalaryň sanawyny ýetirýäris.

  1. Azyndan 8 aýlyk möhleti bolan daşary ýurt pasporty(zagran) we nusgasy (Hökmany)
  2. Pasport nusgalary (içerki pasportyň 1,3,5,9 we 32-nji sahypalarynyň nusgalary, daşary ýurt pasportynyň baş sahypasynyň nusgasy (Hökmany)
  3. Daşary ýurt raýatlary üçin Türkiýä giren senesinden başlap (ikamet belgesi) (Hökmany)
  4. 2 sany biometrik surat 5×6 (arkasy ak fon, täze we soň 6 aý içinde düşülen bolmalydyr.) (Hökmany)
  5. Türkiýe üçin syýahat we saglyk ätiýaçlandyryşy / COVID-19 Kepilligi (Hökmany)
  6. Uçuş bileti brony
  7. Myhmanhana brony ýa-da galjak ýerini görkezýän resminama
  8. Bejergi üçin ýüz tutýan adam, Türkmenistandaky hassahanadan alan täze seneli saglyk hasabaty (Hökmany)
  9. Türkiýede bejergi aljak hassahanadan çakylyk we kabul ediş haty, bar bolsa töleg kwitansiýasy (Hökmany)
  10. Bejergi çykdajylaryny garşylap biljekdigini görkezýän girdeji ýagdaýy barada resminama
  11. Öň Türkiýede ýaşan bolsaňyz, ýaşaýan ýeriňizi görkezýän resminama
  12. Wiza tölegi we Gateway hyzmat tölegi (Hökmany)

Bellemeli zat, saglyk wizasy  üçin ýüz tutýanlar üçin bellenen web saýtynda ýer alan aşakdaky maglumatlara hem üns bermegi wajypdyr.

Goýberilen resminamalaryň hemmesi täze alynan we doly bolmalydyr. Türkiýe wizasy üçin tabşyrylan doly däl resminamalar, ýüzlenmäňiziň ret edilmegine sebäp bolup biler. Türkiýäniň Aşgabat wekiliýeti zerur bolanda goşmaça resminamalary talap etmäge haklydyr. Ýokardaky resminamalaryň tabşyrylmagy wiza beriljekdigini kepillendirmeýär.Ähli görnüşler we resminamalar her bir adam üçin (maşgala agzalaryny ýa-da islendik topary ) aýratyn taýýarlanylmaly we tabşyrylmaly. siziň islegiňize we bu mesele boýunça kararlaryňyzyň gutarnykly boljakdygyna düşünýärin. Ýüzlenme wagtynda gijikdirilen ýa-da ret edilen halatynda wiza tölegleri we / ýa-da hyzmat tölegleri yzyna gaýtarylmaýar.

 

mahabat

Türkiýä wiza üçin resminamalaryň terjimesinde Makul Hyzmat Terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

 

 

 

 

 

Türkiýä Biznes wizasyny almak üçin haýsy resimanalar gerek?

Ýene-de okaň

Hindistana barjak daşary ýurtlular üçin täze düzgünler

Ýaponiýaly işewürler : “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen gyzyklanýar

Baş Redaktor

Awaza :ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meseleleri öwreniler

Baş Redaktor

Teswirle