TEHNOLOGIÝA

PÝGG-niň jerimelerini online tölemek

Ýadyňyzda bolsa bir ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Içeri  Ministrliginiň Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugy tarapyndan Foto we wideo ýazgy edýän serişdeleriň üsti bilen ýol hereketiň kadalarynyň bozulanlygy üçin Adminstratiw hukuk bozulma barada iş boýunça ýörite Kararyň  asyl nusgasyny we Kanuna laýyklykda kesgitlenen jerime tölegleriň ulagyň eýesiniň salgysyna “Türkmenpoçta” Poçta Aragatnaşyk kompaniýasynyň işgärleri tarapyndan tiz we wagtynda gowşurmak hyzmatyny ýola goýulandygy  barada habary saýtymyza ýerleşdiripdik. Şol habarda  jerime töleglerini Aşgabat şäheriniň  we welaýat merkezleriniň ähli poçta nokatlarynda we şahamçalarynda nagt we nägt däl görnüşinde töleg geçirip bilinýändigini Size ýetiripdik. Şonda Sürüjiler islese tölegi https://www.turkmenpost.gov.tm saýtynyň üsti bilen onlaýn töläp biljekdigini habarymyzda belläpdik.

Siz mundan soňra Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmedik sürüjilere bellenilýän jerimeleri www.atavatan-turkmenistan.com saýtyndaky ýörite bölümiň üsti bilen hem  töläp bilersiňiz. Bellemeli zat, tölegler üçin bellenen ýere basaňyzda, saýtymyzy Sizi gönüden göni https://www.turkmenpost.gov.tm saýtynyň ýörite degişli bölümine alyp barar we ähli işler ol ýerde amala aşyrylar. Başgaça aýdanymyzda tölegler boýunça saýtymyzyň hiç hilli dahylly ýeri ýok we saýtymyzdaky ýörite bölüm diňe Sizi https://www.turkmenpost.gov.tm  saýtynyň degişli bölümine alyp barar.

Siz şeýle Play Market  we App Store Applikasiýalaryny ýükläp alyp, online tölegi amala aşyryp bilersiňiz!

Biz şeýle hem saýtymyza bu barada başga bir habar ýerleşdiripdik we şol habarda hususanda şeýle diýilýärdi:

Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmedik sürüjilere bellenilýän jerimeleri sanly ulgamyň üsti bilen tölemek hem ýola goýuldy. Her bir sürüji özüniň şahsy öýjükli aragatnaşyk enjamynyň üsti bilen «Play Market», «App Store» internet dükanlaryndan «PÝGG-niň jerimeleri» diýen mobil goşundyny ýükläp alyp, onuň üsti bilen düzgüni bozan ýerine degişli işgärler tarapyndan ýörite karar bilen çykarylan jerime töleglerini töläp bilýärler.

«PÝGG-niň jerimeleri» diýen mobil goşundyda «Töle», «Ýol hereketiniň hadysalarynda ilkinji kömek bermegiň düzgünleri», «PÝGG-niň jerimeleri» diýen bölümler bar. Onuň «Töle» diýen bölüminde sürüjiniň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmän, ýerine ýetirmedik düzgüniniň jerimesiniň karar belgisi, ulag belgisi, sürüjiniň ady we familiýasy, şeýle-de telefon belgisi hem-de jerime möçberi ýaly ýörite öýjükler ýerleşdirilen. Täze elektron goşundy raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga ýardam edýär. Sürüji tölegi töländen soňra, onuň telefon belgisine SMS habarnamasy gelýär. Ol ony ýol gözegçilik gullugynyň işgärine görkezip, jerime tölegini töländigini aýdýar. Birikdirilen merkez bilen habarlaşan polisiýa sürüjiniň tölegi geçirendigini anyklap, oňa sürüjilik şahadatnamasyny gaýtaryp berýär.

Türkmenistana COVID-19 ýokanjyna garÅŸy “СоrоnĞ°Vас” sanjymy geldi

 

Diplom ykrar etmek boýunça käbir aýratynlyklar

Awtoulag sürüjilerinden «075» hyzmatyna uly gyzyklanma

PÝGG-niň wekili täze düzgünler barada maglumat berdi

 

Sürüjiler jerimäni “Türkmenpoçtada” onlaýn töläň!

 

Ýene-de okaň

“Cybertruck” ulagy satuwa çykdy

“Ata Watan Media” topary Stiw Jobsuň öýüne baryp gördi

“Ata Watan Media” topary “Tesla” kompaniýasynyň täze ulagynyň tanyşdyrylyş çäresine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Bassyr 11 ýyldan bäri birinjiligi eýeleýär

Sam Altman “OpenAl” kompaniýasyna gaýdyp geldi

Türkmenistanda “TechGirls” maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edýär

Ata Watan Eserleri