TEHNOLOGIÝA

Sürüjiler jerimäni “Türkmenpoçtada” onlaýn töläň!

Türkmenistanyň Içeri  Ministrliginiň Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugy tarapyndan Foto we wideo ýazgy edýän serişdeleriň üsti bilen ýol hereketiň kadalarynyň bozulanlygy üçin Adminstratiw hukuk bozulma barada iş boýunça ýörite Kararyň  asyl nusgasyny we Kanuna laýyklykda kesgitlenen jerime tölegleriň ulagyň eýesiniň salgysyna “Türkmenpoçta” Poçta Aragatnaşyk kompaniýasynyň işgärleri tarapyndan tiz we wagtynda gowşurmak hyzmatyny ýola goýulandygy  barada Türkmenistanyň Teleýaýlymlarynda berilýän bildirişde aýdylyp geçilýär. Bildirişde aýdylyşyna görä jerime töleglerini Aşgabat şäheriniň  we welaýat merkezleriniň ähli poçta nokatlarynda we şahamçalarynda nagt we nägt däl görnüşinde töleg geçirip bilinýär. Sürüjiler islese tölegi https://www.turkmenpost.gov.tm/ saýtynyň üsti bilen onlaýn töläp biler, şonda, tölegiň geçendigi barada SMS geler.

Related posts

Aşgabatda «Yutong» kysymly sowadyjyly ýolagçy awtobusy synag edilýär

“Airshow China” halkara sergisi

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy :Ulaglaryň ortaça tizligi anyklanýar