TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

PÝGG-niň wekili täze düzgünler barada maglumat berdi

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany Döwran Annamyradow köçe-ýol hereketiniň düzgünleri babatynda gullugyň durmuşa geçiren täzelikleri barada «Türkmenistan» gazetine maglumat berdi. Gazetde ýerleşdirilen makalada ol girizilen üýtgeşmeler barada şeýle diýýär:

— Biziň her birimiz pyýada ýolagçy ýa-da sürüji hökmünde ýol hereketine gatnaşýarys. Şonuň üçin ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak, ilki bilen, özümize bagly bolup durýar. Ulag eýeleri, ýolagçylar hemişe ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmelidirler. Hereket howpsuzlygyny gazanmak üçin her bir adam özüne degişli jogapkärçiligi duýmalydyr, munuň özi ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Gynansak-da, ýolda ýüze çykýan hadysalaryň köpüsi sürüjiler tarapyndan awtoulagyň tizliginiň ýokarlandyrylmagy bilen bagly ýüze çykýar.

Tizligi ölçeýän enjam barada…

Ýolda ulaga erk edýän sürüjiler wideogözegçilik nokadyna ýetenlerinde, ulagyň tizligini peseldip, ondan geçenlerinden soňra tizligi ýene ýokarlandyrýarlar. Şeýlelikde, ulaglaryň tizligi bellenilen tertipden ýokarlanan ýagdaýynda, ýol-ulag hadysalarynyň döremegine getirýär. Ulaglaryň tizligini matematiki usulda ölçeýän täze enjamyň oturdylmagy, paýtagtymyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga ýardam edýär. Täze enjamyň kömegi bilen sürüjileriň A nokatdaky wideogözegçilikden bellenilen tizlik bilen B nokatdaky wideogözegçilik nokadyna çenli geçen ýoly awtomatik usulda hasaplanylýar. Mysal üçin, sürüji iki nokadyň arasyndaky 850 metr ýoly bellenilen tizlik bilen 50 sekuntda geçip bilýär. Ýolagçy A nokada 16:58:03-de giren bolsa, B nokada 16:58:53-de gelýär. Haçan-da ýolagçynyň görkezen wagty 16:58:30 bolanda, onda sürüjiniň ulagyň tizligini galdyrandygy awtomatik usulda hasaba alnyp, oňa bellenilen tertipde jerime salynýar. Täze enjam diňe bir ulaglaryň bellenilen tizligini ölçemän, eýsem, ol sürüjiniň ulagy dolandyrýan wagty ünsüňi sowaýjak hereketlerini hem gözegçilikde saklaýar. Sürüji ulag dolandyrýan wagty suw içip, ýa çörek, süýji-köke iýse, el telefonda gürleşse ýa-da temmäki önümini ulanan ýagdaýynda hem oňa ýörite tassyklanan jerime tölegi bellenilýär.

Töleglere «Türkmenpoçtanyň» gatnaşygy barada…

Ýol-ulag düzgünlerini bozan ýolagçylaryň jerimeleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» aragatnaşyk kärhanasynyň üsti bilen sürüjiniň ýaşaýan salgysyna ýollanylýar. Mundan başga-da, sürüjiler Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan bellenilen jerimeleri ýurdumyzyň dürli künjeginde hereket edýän banklaryň, poçta aragatnaşyk kärhanasynyň bölümlerinde hem töläp bilýärler — diýip, gürrüň berdi.

Elektron töleg barada…

Ýeri gelende nygtasak, Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmedik sürüjilere bellenilýän jerimeleri sanly ulgamyň üsti bilen tölemek hem ýola goýuldy. Her bir sürüji özüniň şahsy öýjükli aragatnaşyk enjamynyň üsti bilen «Play Market», «App Store» internet dükanlaryndan «PÝGG-niň jerimeleri» diýen mobil goşundyny ýükläp alyp, onuň üsti bilen düzgüni bozan ýerine degişli işgärler tarapyndan ýörite karar bilen çykarylan jerime töleglerini töläp bilýärler.

«PÝGG-niň jerimeleri» diýen mobil goşundyda «Töle», «Ýol hereketiniň hadysalarynda ilkinji kömek bermegiň düzgünleri», «PÝGG-niň jerimeleri» diýen bölümler bar. Onuň «Töle» diýen bölüminde sürüjiniň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmän, ýerine ýetirmedik düzgüniniň jerimesiniň karar belgisi, ulag belgisi, sürüjiniň ady we familiýasy, şeýle-de telefon belgisi hem-de jerime möçberi ýaly ýörite öýjükler ýerleşdirilen. Täze elektron goşundy raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga ýardam edýär. Sürüji tölegi töländen soňra, onuň telefon belgisine SMS habarnamasy gelýär. Ol ony ýol gözegçilik gullugynyň işgärine görkezip, jerime tölegini töländigini aýdýar. Birikdirilen merkez bilen habarlaşan polisiýa sürüjiniň tölegi geçirendigini anyklap, oňa sürüjilik şahadatnamasyny gaýtaryp berýär. «Ýol hereketiniň hadysalarynda ilkinji kömek bermegiň düzgünleri» atly bölümde ýol-ulag hadysalary ýüze çykanda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan berilýän ilkinji kömek barada maglumatlar ýerleşdirilen. «PÝGG-niň jerimeleri» bölüminde bolsa Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksiniň esasynda sürüjiler tarapyndan ýol hereketiniň düzgünleri bozulan ýagdaýynda olara görülýän çäreler hem-de düzgün bozulmalaryň görnüşleri, olara administratiw hukuk bozulmalary üçin salynýan jerimeler baradaky maglumatlar bar. Şu maglumatlaryň ýerleşdirilmegi raýatlarymyzyň ýolda ulag dolandyran ýagdaýynda berjaý edilmeli düzgünleri çalt ýat tutmagyna ýardam edýär.

Ýeri gelende aýtsak, PÝGG-niň täze düzgünleri bilen bagly habarlar «Atavatan-Türkmenistan» saýtynyň sahypalarynda hem giňden orun alýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle