BILIM

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti: Talyp :2021

Hormatly okyjylarymyz!

Biz Size ilki bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti baradaky maglumaty ýetirýäris. Yzygiderli tertipde ähli okuw mekdepleri boýunça maglumatlary aýratynlykda Size ýetireris.

Ähli ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar tabşyrmak boýunça maglumatlary almak üçin  ATAWATAN TALYP 2021 şu ýere basyň!

Ýokary okuw mekdepleri: Ähli habarlaryň jemlenen ýeri

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  • Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
  • Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; astronomiýa; radiofizika we elektronika).
  • Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
  • Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
  • Himiýa (hünär: himiýa).
  • Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa).
  • Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
  • Taryh we arheologiýa (hünärler: taryh; arheologiýa).
  • Filosofiýa, etika we din öwreniş (hünär: filosofiýa).
  • Ylahyýet (hünär: ylahyýet).
  • Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).
  • Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
  • Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika).
  • Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).
  • Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda): 
  •     Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly  matematika we informatika).
  • Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).
  • Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
  • Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
  • Himiýa (hünär: himiýa).
  • Ýeri öwreniş ylymlary (hünär: geografiýa).
  • Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
  • Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
  • Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty).
  • Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

  • Bilim we pedagogika ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i we 4-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 11-12-si, 13-i we 14-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 16-17-si, 18-i we 19-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 21-i, 22-si we 23-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler we taýýarlygyň ugurlary: matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: fizika; astronomiýa; radiofizika we elektronika — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: geografiýa; ekologiýa — geografiýa, biologiýa,

Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: kartografiýa; meteorologiýa — geografiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: psihologiýa — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty,

Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty;

türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili

we edebiýaty — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili,

türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: italýan dili we edebiýaty — iňlis dili, türkmen dili

we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: rus dili we edebiýaty — rus dili, türkmen dili we

edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: hukuk öwreniş — Türkmenistanyň taryhy, türkmen

dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta

mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw

dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara

esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk

ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar (mugallymçylyk ugurly hünärlere girilen halatynda);

— hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar;

— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31,

tel.: 94-69-90, 94-54-29.

Her bir ýokary okuw jaýlary boýunça resminama tabşyrmak üçin maglumatlary aýry habarlar görnüşinde saýtymyza iň gysga wagtda ýerleşdireris.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Talyp 2021: Okuwa kabul edişlik başlaýar

Ýene-de okaň

Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

Türkmenistan-ÝB: bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk

Türkmen ýaşlaryna Russiýada okamak mümkinçiligi

Türkmenistanly okuwçylar 397 medal gazandylar

ABŞ-nyň uniwersitetiniň şahamçasyny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde açmak meýilleşdirilýär