TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Halkara diplomlary ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar haýsylar?

Halkara uçar gatnawlarynyň tapgyrylaýyn açylyp başlamagy we okuw ýylynyň tamamlanýan günlerinde iň köp soralýan soraglaryň biri hem dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berilen diplomyň ykrar edilmegi bilen baglanşykly soraglardyr. Biz Size öň Diplom ykrar etmek üçin Resminamalaryň sanawy we Daşary ýurt diplomy : Ykrar Şahadatnamasy bilen baglanşykly habary ýetiripdik. Bugün bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy karary bilen tassyklan “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibine” salgylanmak bilen daşary ýurtlarda berilen diplom ykrar etmek üçin bildirilýän talaplary Size ýetirýäris.

Haýsy seneden soň berilen diplomlar ykrar edilmäge degişli?

Türkmenistanyň raýatlaryna, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara daşary ýurt döwletlerinde 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň berlen Resminamalar ykrar edilmäge degişlidir. Şunda 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan öň okuwa girip, bu seneden soň alnan Resminamalar Türkmenistanyň Döwlet synaglary tabşyrylmazdan ykrar edilýär.

Diplomy ykrar etmek diýlip näme düşünilýär we haýsy edara ykrar edýär?

Daşary ýurt döwletinde berlen Resminamanyň Türkmenistanda ykrar edilmegi diýlip, onuň Türkmenistanda hünär bilimine bildirilýän talaplara laýyk gelýändiginiň, ýagny onuň eýesine Türkmenistanyň çäklerinde bilimiň indiki basgançagynyň maksatnamalary boýunça okuwyny dowam etdirmäge, hünär işini amala aşyrmaga, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde

bilime bildirilýän hökmany kär talaplar kesgitlenen wezipeleri eýelemäge hukuk berilmeginiň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan resmi taýdan tassyklanylmagyna düşünilýär. Resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi, onuň eýesine resminamanyň alnan ýurdundaky berilýän hukuklardan artykmaç hukuklary bermeýär.

Resminamalary ykrar etmek işi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

 

Halkara sanaw diýlip näme düşünilýär?

Halkara guramalaryň (“Academic Ranking of World Universities”, “QS World University Rankings” we “The Times Higher Education World University Rankings”) resmi internet sahypasyndan alnan maglumatlara laýyklykda daşary ýurt bilim edaralarynyň öňdeligini düzýän okuw mekdepleriniň sanawy hem-de Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça maglumat her ýylyň başynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanylýar hem-de hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin degişli çäreler geçirilýär.

Bu sanawy biz Atawatan Türkmenistan saýtynda her ýyl Size ýetirip gelýäris.

 

Resminamalar ykrar etmek üçin haýsy  hünär bilimi edaralary tarapyndan berlen bolmalydyr?

– Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin döwlet hünär bilimi edaralary, beýleki daşary ýurt döwletleri üçin şol döwletlerde resmi ygtyýarlygy bolan hünär bilimi edaralary tarapyndan berlen bolmalydyr.

– Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça Resminamalar dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna giren ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berlen bolmalydyr.

 

Resminamalar ykrar etmek üçin başga näme talaplar bar?

Resminamalar ýokaryda agzalan edaralar tarapyndan berlen bolmalydyr

– okuwlar gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşinde bolmalydyr.

–  Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin hünär bilimi maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen möhletlerden az bolmaly däldir. Beýleki daşary ýurt döwletleri üçin hünär bilimi maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) tarapyndan tassyklanan Bilim klassifikasiýasynyň Halkara standartynda bellenen möhletlere laýyk gelmelidir.

 

Şu Tertibiň resminamalary berýän edaralara degişli talap  kimlere degişli däldir?

Resminamalary ykrar etmek üçin resminamalary berýän edaralar boýunça talaplary ýokaryda belläp geçipdik. Ýagny GDA agza ýurtlary üçin döwlet hünär bilim edaralary bolmalydyr. Beýleki daşary ýurt döwletlerde resmi ygtyýarlygy bolan hünär bilimi edaralary tarapyndan berlen bolmalydyr. Şeýle hem Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça Resminamalar halkara sanawdaky ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berlen bolmalydyr.

Ine bu talaplar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy karary bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibiniň herekete girmezinden öň hereket eden kanunçylyga laýyklykda okuwa girenleriň Resminamalaryna degişli däldir.

 

Resminamalar ykrar etmek üçin başga näme aýratynlyklar bar?

Resminamalar ýokaryda bellenen edaralar tarapyndan berilmelidir. Şeýle hem okuwlar gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşinde bolmalydyr. Emma aşakdaky ýagdaýlarda bu kadadan çykylýar:

a) Türkmenistanyň hökümetara, pudagara halkara şertnamalaryna laýyklykda okuwa iberilen adamlara berlen resminamalara;

b) 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan öň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet ýa-da döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk döwlet akkreditasiýasyny ýa-da halkara akkreditasiýasyny geçen hünär bilimi edaralaryna, beýleki daşary ýurt döwletleriniň bolsa, şol döwletlerde resmi ygtyýarlygy bolan bilim edaralaryna okuwa girip, okuwyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana görnüşi boýunça okuwy tamamlap alnan Resminamalara;

ç) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarynyň çözgüdi esasynda ykrar edilýän Resminamalara;

d) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlere bolan zerurlyklaryny esaslandyryp beren ýüztutmasy boýunça, degişlilikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň bölümleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarynyň rugsady ýa-da iki ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolup, okuwa girenleriň Resminamalaryny ykrar etmek barada iş berijisiniň towakganamasy bolan ýagdaýynda, 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy karary bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibiniň herekete girmezinden öň okuwyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana görnüşine okuwa girip, okuwy tamamlap alnan Resminamalara;

 

Okuwyň möhleti boýunça kadadan çykma haýsy ýagdaýda bolýar?

Ýokaryda hem belläp geçişimiz ýaly, resminamalaryň ykrar edilmegi üçin okuwlaryň möhleti bellenen çäklerde bolmalydyr. Şonda, GDA agza ýurtlar boýunça möhleti ýurdumyzyň kanunçylygynda bellenen möhletlerden az bolmaly däldir. Beýleki ýurtlar boýunça UNESCO tarapyndan bellenen halkara standatlardan az bolmaly däldir.  Emma bu möhletlerde hem kadadan çykmalar bellenilýär.

Olar :

  1. a) hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde okalyp alnan Resminamalara;
  2. b) aýratyn tapawutly ukyplylaryň okuw maksatnamasyny özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça wagtyndan öň özleşdirip alan Resminamalaryna.

Dowamy bar…..

 

Rumyniýa: Abraýly ýokary okuw mekdepleriniň-sanawy 2022

 

Daşary ýurt diplomy : Ykrar Şahadatnamasy

 

Diplom ykrar etmek üçin Resminamalaryň sanawy

Ýene-de okaň

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Teswirle