TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Daşary ýurt diplomy : Ykrar Şahadatnamasy

Biz Size öň Daşary Ýurt Döwletinde berlen Diplomy Türkmenistanda ykrar etdirmek üçin zerur resminamalaryň sanawyny ýetiripdik. Bugün bolsa www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna Döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyranlara  berilýän Ykrar Şahadatnamasy baradaky maglumatlary ýetirýäris.

Döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyranlara Ykrar Şahadatnamasy berilýär. Ykrar Şahadatnamasy döwlet synaglarynyň geçirilen aýy tamamlananyndan soň bir aý möhletde taýýar bolýar.

Kimler synag tabşyrmazdan Ykrar şahadatnamasy alyp bilýär?

1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan öň okuwa girenlere döwlet synaglaryny tabşyrmazdan Ykrar Şahadatnamasy berilýär. Döwlet synaglaryny tabşyrmazdan ykrar edilýän resminamalaryň eýeleriniň Ykrar Şahadatnamasy Bilim ministrligine resmi ýüz tutulan senesinden üç aýdan geçmeýän möhletde taýýar bolýar.

Güwahat kimlere berilýär we haçan we haýsy ýagdaýda Güwahatyň eýesine Ykrar şahadatnamasy berilýär?

Hökümetara ylalaşyk esasynda Döwlet tarapyndan daşary ýurt döwletlerine okuwa ugradylan raýatlara hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanyň çäginde ykrar edilendigini tassyklaýan Güwähat berilýär.

Güwähat esasynda Türkmenistanyň döwlet edaralaryna işe ýerleşeninden soňra işleýändigini tassyklaýan kepilnama getiren halatynda hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanyň çäginde ykrar edilendigi baradaky Ykrar şahadatnamasy berilýär. Ykrar Şahadatnamasy resminamanyň eýesine gowşurulýar. Ykrar Şahadatnamasy eýesine şahsy pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) we töleg kwitansiýasy esasynda berilýär.

Ynanç hat bilen Ykrar şahadatnamasy alyp bolarmy?

Raýatyň özi tarapyndan berlen Döwlet notarial edarasynyň tassyklan ynanç haty ýa-da harby gullukda bolan raýatlaryň harby bölüminiň tugraly möhri we serkerdesiniň goly bilen tassyklanan Ynanç haty esasynda resminamanyň eýesiniň ýakyn hossaryna ýa-da ynanýan adamyna gowşurylýar. Ykrar Şahadatnamasyny ynanylan adama şahsy pasportynyň asyl nusgasy we onun göçürme nusgasy, bellenen tertipde tassyklanan ynanç haty, töleg kwitansiýasy esasynda berilýär.

Ykrar Şahadatnamasy üçin töleg pulunyň möçberi 98 manat 96 teňňe. Töleg “Türkmenistan” bankynda we Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky şahamçalarynda, şeýle hem, hasap belgisi görkezilende beýleki banklarda kabul edilýär.

Ykrar Şahadatnamasy üçin tölegiň geçirilmeli hasaby:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

HASAP: 231 049 341 101 531 00 000 000

MFO: 390 101 101

S.K.: 101 161 002 566

Ykrar Şahadatnamasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginden alynýar.

Ykrar Şahadatnamasyny gowşurýan bölümiň iş wagty:

Hepdäniň Duşenbe, Sişenbe, Çarşenbe, Penşenbe we Anna günleri

09:00 – 12:30 we 14:00 – 17:00 aralygy.

Şenbe güni: 09:00 – 12:30 aralygy.

Dynç günleri we baýramçylyk günleri raýatlar kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

44-84-21

44-85-34

44-86-36

44-85-79

44-84-96

 

Diplom ykrar etmek üçin Resminamalaryň sanawy

 

Germaniýa :Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleri 2022

Ýene-de okaň

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Teswirle