SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Green Card (Grin Kard) boýunça resminamalar haçan kabul edilip başlanýar?

Green Card meýilnamasy boýunça resminamalar kabul edişlik ýakynda başlaýar.  Mälim bolşy ýaly her ýylda ABŞ-nyň Grin Kard Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmek mümkinçiligini berýar. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýa boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar.  2023-nji  ýyl üçin  soragnamalar  ýakynda kabul edilip başlanýar.  DW lotereýa barada giňişleýin maglumat berkidilen şu salgyda elýeterlidir.

Utujularyň köp göterimi, ABŞ-a immigraziýa az baran ýurtlarda dogulan adamlara berilýär. Utan adamlara, olaryň indiki etmeli ädimleri barada ýörite gözükdirme ulgam arkaly beriler. Bellemeli zat, resminamalar tabşyrmazdan ozal, bu baradaky görkezijiniň  doly we ünsli okalmagy maslahat berilýär.  Resminamalar online tertipde tabşyrylýar.  (dvselectee.state.gov ). Resminamalary tabşyrylandan soňra berilen online kody berk saklamak wajypdyr.

DW-2023 lotereýasy

DW-2023 meýilnamasyna gatnaşmak isleýanleriň soragnamasy internet arkaly 2021-nji ýylyň 6-nji oktýabryndan başlap, 9-njy noýabra çenli kabul edilýär. Gatnaşyjylar soragnamany diňe bir gezek tabşyryp bilerler, bir gezekden köp tabşyrylsa, gatnaşmak hukugyny ýitirýarler. DW-2023 meýilnama barada giňişleýin maglumat şu salgyda elýeterlidir. Iňlis dilinde berilen DW-2023 gözükdirmesi ýeketäk resmi gözükdirmesidir.

ABŞ-nyň Grin Kard Lotereýa meýilnamasy boýunça maglumat merkezi https://dvprogram.state.gov/   saýtynda bellenişine görä, utujylar 2022-nji ýylyň Maý aýynyň 8-ne belli bolýar.

Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň!
Internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan, ýa-da elektron poçta arkaly gelýän nädogry maglumaty, resmi maglumat ýaly görkezip aldawa salýan internet sahypalardan seresap boluň we giňişleýin maglumat bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz. DW-2023 gatnaşmak üçin internet arkaly tabşyrylýan elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyny maslahat berilýär. Soragnamany doldyrmak aňsat hem tölegsizdir.

Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Amerika Size garaşýar: Täze başlaýanlar üçin

 

Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri”. Syýahat ýazgylary…

 

Ýosemite Jülgesi: Steve Jobsyň ylham mekany

 

Silikon Jülgesi : Startuplaryň Merkezi

Ýene-de okaň

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri

Yslam ösüş banky Türkmenistandaky onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirer

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna «Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty» berildi

«Türkmenhowaýollary» agentligi Kuala-Lumpur şäherine ýolagçy gatnawyny artdyrýar