Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri”. Syýahat ýazgylary…

Meniň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda goýan “Amerika Size garaşýar. Täze başlaýanlar üçin” atly syýahat  hakyndaky ýazgylarym garaşanymdan hem has uly gyzyklanma eýe boldy.  Emma, biziň öz syýahat meýilnamamyza gysga wagtyň içine köp zat sygdyranlygymyz üçin, şol syýahat belliklerimiň dowamyny bu gün ýazmaklyk nesip etdi.

Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri” ady bilen bütin dünýäde tanalýar. Men bu täsin hem owadan ýere ilkinji gezek öz dostum Merdan bilen (onuň maglumatlaryny özünden rugsat almandygym sebäpli bu ýerde ýazamok) gelmek nesip edipdi. Bu gezek hem biz Los Angelese ýerli wagt bilen sagat 16:00 töwereginde geldik. Bellemeli zat, bu ýer bilen Aşgabat wagtynyň arasynda 12 sagat tapawut bar.

Ýokarda belleýşim ýaly, syýahat meýilnamamyzda köp ýeri görmeklik bar. Şonuň üçin wagtymyz çäkli. “Downtown” diýilýän şäheriň merkezine bolsa, göni şol gün syýahat etmekligi makul bildik. Öz ýaşaýan myhmanhanamyzdan pyýada ýöreýiş bilen 5 minutlyk uzaklykda ýerleşýän “Walt Disney Concert Hall” ilkinji duralgamyz boldy. Ajaýyp, özboluşly binagärlik keşbi bilen özüne çekýän bu merkezde şol gün agşam konsert bolýan eken. Poslamaýan polatdan ýasalan ol merkez 2265 tomaşaça niýetlenipdir. Onuň  on dördi gijäniň aýy mysaly, garaňky gijäni hamala gündize öwürýän ýaly, aýratyn yşyk saçýan öwüşgünleri bar. Ine, şol ýerde bolsa, dünýä belli kompaniýalaryň biri-birinden beýik binalarynyň ýerleşýän “Maliýe merkezi” diýilýän etraby başlaýar. Bizi 13 sagatlyk durmazdan amala aşyran uçuşymyz birneme ýadadypdyr. Şol gün “Maliýe merkezine” aýlandyk we şonuň bilen gije gysga syýahatymyz jemledik.

Ertesi gün syýahatymyz “Beverly Hills” diýilýän ýerden başlady. Dünýäniň iň esasy we iň gymmat bahadan satylýan geýimleriniň, şaý-sepleriniň, atyrlarynyň, soňky tehnologiýalaryň we dünýä belli brent-markaly harytlary we hyzmatlary dükanlarynyň ýerleşýän Rodeo-drive köçesi şu ýerde ýerleşýär. Bizi haýran galdyran zat, ol ýerdäki dükanlaryň  satyjylary myhmanlary görenlerinden kimiň “öz müşderisi” bolup biljekdigini aňýan bolara çemeli !!! Dükanlaryň öňünden geçip barýan wagtymyz bize öz satýan önümlerini, harytlaryny tanatmak üçin çagyran satyjy bolmady.  Eýsem, käbir myhmanlary bolsa, çagyryp, hödür-kerem edip, öz harytlary bilen tanyşdyrýardylar. Men-ä, biziň ilki bilen ol ýere baryp, surata düşmegimiz bilen, biziň syýahatçydygymyzy aňyp, “Rodeo-drive müşderisi” däldigimizi bildiler öýtýän diýip çak etdim. Meniň pikirimçe, şol köçä iki dürli myhmanlar barýar, surata düşmäge barýarlar (ýönekeý syýahatçylar, mysal üçin biz), ikinjisi şol gymmat bahaly zatlardan gerekli zatlaryn alýanlar.

 

Hollywood ýyldyzlaryny we dünýä belli sungat ussatlaryny ol köçede görüp bolýar. Dogrusy, biz-ä görmedik, gören hem bolsak, tanamadyk bolup bileris. Belki-de hödür-kerem edilenler olardyr. Ol ýere baryp, “Beverly Hills” ýadygärliginiň öňünde surata düşmeseň bolmaz.

      Indiki ugrumyz Hollywood!

Bu ýerde “walk of fame’ diýlip atlandyrylýan dünýä meşhur ýyldyzlarynyň atlarynyň ýazylan köçesi ýerleşýär. Hollywood ýyldyzlarynyň el we aýak yzlarynyň ýerleşýän köçesini hem şol ýerde görmek bolýar. Walk of fame köçesinde “Makul Hyzmat Terjime” diýip ýörite ýyldyz ýazdyrmak hem nesip etdi. Belki-de, dünýäde şol ýere ady ýazylan ilkinji hususy kärhana “Makul Hyzmat Terjime” merkezi bolup biler. Sebäbi, ol ýere gelip, döredilen mümkinçilikden peýdalanyp öz atlaryny ýazdyrýarlar. Emma, ol ýazgy ol ýerde hemişelik galmaýar, ol diňe surata düşmeklik üçin bir mümkinçilikdir.

Ol ýerde Oscar baýraklarynyň gowşurylýan merkezi hem ýerleşýär. “Gyzyl Halydan” hem  şol köçede ýörelýär. “Hollywood” ýazgysy ýazylan depä görkezip, uzakdan bolsa hem surata düşmek mümkinçiligi has hem ýakymly.

    Perişdeleriň şäheri diýlip, terjime edilýän Los Angelesde baryp görülmegi hökman ýerleriň biri hem Hollywood kinolarynyň surata düşürilýän studiýasydyr. “Universal Studies” merkezini görmek üçin azyndan bir günüň gerek bolýandygyny aýdansoňlar, biz bu gezek hem ol ýere aýlanmaklyga wagt aýryp bilmedik. Emma, ol studiýa gidip görenler oňa hökman baryp görmekligi  maslahat berýärler.

Indiki ugrumyz Santa Monico dynç alyş merkezi!

Bu merkez Ýuwaş Okeanyň kenarynda ýerleşýän, plýaŽlaryň we garbanyşhanalaryň ýerleşýän, Los Angelesiň hökman göräýmeli ýerleriniň biri. Ýuwaş Okeanynda ýüzüp görmeklik nesip etmese-de, suwuň pesräk ýerlerinde aýagymyz suwda gysga ýöreýiş etdik. Los Angelese syýahatymyzy Santa Monicoda ýerleşýän dükanlara aýlanyp görmek bilen jemledik. Ol “üçünji köçe” ýa-da “the Third Street Promenade` diýlip atlandyrylýar. New Ýork şäherindäki “bäşinji köçäni” ýadyňyza salyň! Ine şol köçe ýaly brent köçe!

Los Angelesde hökman baryp görmeli başga-da owadan hem täsin ýerler köp. Şonuň üçin eger-de geljekde bu şähere syýahat etmek islegiňiz bar bolsa, onda ortaça 3 günlik wagt aýyrmagyňyzy maslahat berýäris.

    Indiki ugrumyz Ýosemite Jülgesi!..

ABŞ syýahatymyz barada ähli makalalary okamak üçin

Amerika Size Garaşýar —Täze Başlaýanlar üçin

Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri”. Syýahat ýazgylary

Ýosemite Jülgesi: Steve Jobsyň “ylham mekany”

Silikon Jülgesi : Startuplaryň Merkezi

 

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)

Makul Hyzmat  Terjime Merkezi

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com

Telefon  : + 993 12 96 48 55

 

Täze ýazgylarymyzy okamak üçin bizi sosial mediadan yzarlan!

Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :

https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Resmi  Facebook Hesabımız için  :

https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/

Resmi Instagram Hesabımız için :

https://www.instagram.com/atavatanturkmenistan/

 

IMO 00993 65 80 24 70

 

Ýene-de okaň

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Terjimeleriňiz üçin “Makul Hyzmat” terjime merkezine ýüz tutuň!!!

Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

Bitaraplyk – parahatçylygyň gözbaşy

«Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi

“Hakyda göwheri” – milli mirasyň sarpasy

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

“Barselona” 50 ýyldan soňra ýeňildi

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanunlar kabul edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini “Ýaşulular Geňeşi” diýip atlandyrmagy teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz neşirini döretmek başlangyjyny öňe sürdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge taýýar

Özbegistan Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ähtnama gol çekildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Bütindünýä türk kofesi güni

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistana bagyşlanan birnäçe ylym çäreleriniň toplumy geçirildi

Türkmenistan-TÜRKSOÝ: köpugurly hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar