PEÝDALY MASLAHAT

Döwlet migrasiýa gullugynyň täze Buýruklary: Biometrik Pasport

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň biometrik pasport bilen baglanşykly täze buýruklary kabul edildi. Bu Buýruklaryň ilkinjisi “Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2013-nji ýylyň 10-njy awgustynda çykaran 116 belgili buýrugyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Buýruk bolsa beýlekisi  “Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin resminamalary tabşyrmagyň, kabul etmegiň we resmileşdirilen pasporty bermegiň tertibi hakynda Gollanmany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 15-nji maýynda çykaran 49 belgili buýrugyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Buýrukdyr.

Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň saýtyna ýerleşdirilen Buýruklary Size ýetirýäris.

 

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde çykaran 69 iş belgili buýrugy

“Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2013-nji ýylyň 10-njy awgustynda çykaran 116 belgili buýrugyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

 

“Migrasiýa gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalşyrmak) üçin resminamalary tabşyrmagyň, kabul etmegiň we resmileşdirilen pasporty bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

  1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2013-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda 702 bellige alyş belgisi bilen döwlet bellige alnan, “Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2013-nji ýylyň 10-njy awgustynda çykaran 116 belgili buýrugynda:

1) adynda we birinji böleginde “çalyşmak” diýen sözi “çalşyrmak” diýen söz bilen çalşyrmaly;

2) şol buýruk bilen tassyklanan, Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalşyrmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawynda:

  1. a) birinji böleginde “(goşulýar)” diýen sözi aýyrmaly;
  2. b) üçünji, dördünji, altynjy, ýedinji böleklerinde, on ikinji böleginiň onunjy bendinde, on dördünji, on bäşinji, on altynjy, on dokuzynjy böleklerinde “we onuň nusgasy” diýen sözleri aýyrmaly;

ç) bäşinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“5. Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýan ýerini tassyklaýan resminama;”;

  1. d) sekizinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“8. Harby bilet ýa-da harby hasap resminamasy (harby borçlular we harby gulluga çagyryşa degişli adamlar üçin), harby gullukçylar üçin gulluk şahsyýetnamasy (65 ýaşdan ýokary raýatlardan talap edilmeýär)”;

  1. e) dokuzynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“9. Harby gullukçylar üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny resmileşdirmek baradaky haty (hereket edýän möhleti 6 aý);”;

ä) on dokuzynjy böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

“191. Pasport almak (çalşyrmak) üçin ýüz tutýan raýatyň şu Sanaw boýunça kabul edilýän resminamalarynyň asyl nusgalarynyň elektron göçürmesi (skanirlenen görnüşi), elektron göterijide (maglumatlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň pasport ulgamyndaky maglumatlar goruna girizilenden soňra elektron göteriji eýelerine gaýtarylýar);”

  1. f) “Bellik” diýen bölegine şu mazmunly ikinji sözlemi goşmaly:

“Şu Sanaw boýunça talap edilýän resminamalaryň asyl nusgalary (şu Sanawyň birinji-ikinji böleklerinde görkezilen resminamalar we onunjy böleginde görkezilen döwlet pajynyň töleg kagyzy muňa girmeýär) eýelerine gaýtarylýar.”.

  1. g) Sanawyň goşundysyny aýyrmaly.
  2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Gullugyň başlygynyň orunbasarlarynyň, Gullugyň Merkezi edarasynyň Pasport bölüminiň müdiriniň, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça müdirlikleriniň, degişli etrap we şäher bölümleriniň müdirleriniň üstüne ýüklemeli.

 

Gullugyň başlygy

podpolkownik B. Öwezow

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 29-njy maýynda 1472 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde çykaran 70 iş belgili buýrugy

“Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin resminamalary tabşyrmagyň, kabul etmegiň we resmileşdirilen pasporty bermegiň tertibi hakynda Gollanmany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 15-nji maýynda çykaran 49 belgili buýrugyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

 

“Migrasiýa gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalşyrmak) üçin resminamalary tabşyrmagyň, kabul etmegiň we resmileşdirilen pasporty bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

  1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 878 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin resminamalary tabşyrmagyň, kabul etmegiň we resmileşdirilen pasporty bermegiň tertibi hakynda Gollanmany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 15-nji maýynda çykaran 49 belgili buýrugynda:

1) adynda we birinji böleginde “çalyşmak” diýen sözi “çalşyrmak” diýen söz bilen çalşyrmaly;

2) şol buýruk bilen tassyklanan, Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin resminamalary tabşyrmagyň, kabul etmegiň we resmileşdirilen pasporty bermegiň tertibi hakynda Gollanmada:

  1. a) adynda “çalyşmak” diýen sözi “çalşyrmak” diýen söz bilen çalşyrmaly;
  2. b) birinji böleginde “(mundan beýläk – arza)” diýen sözleri aýyrmaly;

ç) ikinji böleginde “Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty” diýen sözleri “Pasport” diýen söze çalşyrmaly;

  1. d) üçünji böleginiň üçünji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

“Pasporty almak (çalşyrmak) üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy goşmaça onlaýyn elektron nobata ýazylyş hyzmatyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň raýatlary pasporty almak (çalşyrmak) üçin bu hyzmatdan peýdalanyp migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutup bilerler.”;

  1. e) dördünji böleginde “arzasy” diýen sözi “Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalşyrmak) üçin arzasy (mundan beýläk – arza, şu Gollanma 1-nji goşundy)” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

ä) dokuzynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“9. Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan pasport almak (çalşyrmak) üçin migrasiýa gullugynyň edaralaryna berilýän arzalar şu aşakdaky görkezilen tertipde gara reňkli ýönekeý syýagalam (ruçka) bilen basmaça harplarda döwlet dilinde doldurylýar:

1) “Bellige alyş belgisi we senesi” atly bentde raýat surata düşürilende programma ulgamy tarapyndan awtomatik usulda berilýän belgi we arza ilkinji gezek döredilende programma ulgamy tarapyndan awtomatik usulda berilýän sene ýazylýar;

2) “Arzanyň görnüşi” atly bentdiň dowamynda pasportyň resmileşdirilmeginiň tertibi barada, ýagny: “adaty” ýa-da “gyssagly” atly bölümçelerde degişlisine (x) – görnüşde bellik edilýär;

3) “Pasport almak (çalşyrmak) üçin arza bermeginiň sebäpleri” atly bentde degişlilikde raýatyň pasport almak (çalşyrmak) üçin arza bermeginiň sebäbine görä (x) – görnüşde bellik edilýär we ony tassyklaýan resminamalary goşulýar;

4) “Şahsy maglumatlary” atly bentde raýatyň şahsy maglumatlary, onuň Türkmenistanyň raýatynyň pasportyndaky we dogluş hakynda şahadatnamasyndaky maglumatlar bilen deňeşdirilip, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň döwlet dilinde ýazylan sahypasyna görä ýazylýar. 16 ýaşyna ýetmedik çaganyň şahsy maglumatlary onuň dogluş hakynda şahadatnamasy boýunça ýazylýar. Arzada pasport resmileşdirilende pasportyň şahsy maglumatlar sahypasynda iňlis harplarynda ýazyljak raýatyň familiýasy we ady ýaýyň içinde ýazylýar. Raýatyň milleti baradaky maglumatlar onuň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynda görkezilen milleti we dogluş hakynda şahadatnamasynda görkezilen ene-atasynyň milleti bilen deňeşdirilip ýazylýar. 16 ýaşa ýetmedik çaganyň milleti, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda onuň ata-enesiniň milleti bilen kesgitlenilýär. Eger ata-enesiniň milleti dürli bolsa, arzada çaganyň milleti onuň islegi boýunça kakasynyň ýa-da ejesiniň milletine görä ýazylýar. Arzada jynsy atly bentde degişlisinde (x) – görnüşde bellik edilýär;

5) “Doglan ýeri” atly bentde raýatyň doglan ýeri baradaky maglumatlary, onuň Türkmenistanyň raýatynyň pasportyndaky we dogluş hakynda şahadatnamasyndaky maglumatlar bilen deňeşdirilip ýazylýar. 16 ýaşyna ýetmedik çaganyň doglan ýeri baradaky maglumatlary, onuň dogluş hakynda şahadatnamasy boýunça ýazylýar;

6) “Ýaşaýan ýeri (ýazgyda duran salgysy)” atly bentde raýatyň ýaşaýan ýeri baradaky maglumatlary, Türkmenistanyň raýatynyň pasportyna ýa-da onuň ýaşaýan ýerini tassyklaýan başga resminamasyna görä ýazylýar. 16 ýaşyna ýetmedik çaganyň ýaşaýan ýeri baradaky maglumatlary, onuň ýaşaýan ýeri hakynda delilhaty boýunça ýazylýar. Ýaşaýan ýeri (ýazgyda duran salgysy) baradaky maglumatlar ýazylanda, olaryň häzirki wagtda ulanylýan atlary ýazylýar, takyk bilinýän ýagdaýlarynda köne atlary hem ýaýyň içinde goşmaça ýazylyp bilner.

Türkmenistanyň çäklerinden daşary hemişelik ýaşamak üçin giden Türkmenistanyň raýatynyň ýaşaýan ýeri (ýazgyda duran salgysy) baradaky maglumatlar raýatyň daşary ýurt döwletinde ýaşaýandygyny tassyklaýan resminamasynda (onuň bolmadyk halatynda dil üsti bilen beren maglumatyna görä) ýazga duran (hasaba alnan) ýeri barada belligi boýunça ýazylýar;

7) “Türkmenistanyň raýatynyň pasporty bilen bir hatarda beýleki daşary ýurt döwletiniň (döwletleriniň) pasporty (pasportlary) barmy?” atly bentde Türkmenistanyň raýatynyň pasporty bilen bir hatarda beýleki daşary ýurt döwletiniň (döwletleriniň) pasporty (pasportlary) ýa-da onuň ornuny tutýan beýleki resminamalary bar bolan Türkmenistanyň raýaty arzasynda «HAWA» bölümçede (x) – görnüşde bellik edilip, şol ýurdy we şol ýurduň pasportyndaky ýa-da onuň ornuny tutýan beýleki resminamalaryndaky degişli maglumatlary (resminamanyň berlen ýurdy, onuň tapgyry we belgisi, möhleti) görkezilýär. Eger Türkmenistanyň raýatynyň pasporty bilen bir hatarda beýleki daşary ýurt döwletiniň (döwletleriniň) pasporty (pasportlary) ýa-da onuň ornuny tutýan beýleki resminamalary bolmadyk halatynda arzadaky «ÝOK» bölümçede (x) – görnüşde bellik edilýär we bu bendi boş (-) – görnüşde goýulýar;

8) “Goşmaça maglumatlar (telefon belgisi, faks belgisi, elektron poçtanyň salgysy)” atly bentde raýatyň telefon belgileri, faks belgisi, elektron poçtasynyň salgysy ýazylýar;

9) “Harby gulluga degişliligi” atly bentde raýatyň harby gulluga degişliligi “harby gullukçy”, “harby borçly däl”, “harby borçly” ýa-da “ätiýaçlykda bolýan” diýen ýazgylaryň degişlisine (x)-görnüşde bellik etmek arkaly görkezilýär;

10) “Maşgala ýagdaýy” atly bentde raýatyň maşgala ýagdaýy “nika baglaşmadyk”, “nika baglaşan” ýa-da “äri (aýaly) ölen”, “nikasy bozulan” diýen ýazgylaryň degişlisine (x) – görnüşde bellik etmek arkaly görkezilýär;

11) “Bilimi” atly bentde raýatyň bilim derejesi “Umumy Orta”, “Orta hünär”, “Ýokary hünär” diýen ýazgylaryň degişlisine (x) – görnüşde bellik etmek arkaly görkezilýär;

12) “Işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi” atly bentde raýatyň işleýän ýa-da okaýan ýeri baradaky maglumatlar arzaçynyň dilden beren maglumaty boýunça ýazylýar;

13) “Siz Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň SMS arkaly habarnamalary ibermek üçin tölegli goşmaça hyzmatyndan peýdalanmak isleýäňizmi?” atly bentde raýat SMS arkaly habarnamalary ibermek üçin tölegli goşmaça hyzmatyndan peýdalanýan bolsa, degişlilikde «HAWA» bölümçede (x) – görnüşde bellik edilip SMS habarynyň iberilmeli öýjükli telefon belgisi ýazylýar we arzaçynyň şahsy goly çekdirilýär. Eger-de, raýat SMS arkaly habarnamalary ibermek üçin tölegli goşmaça hyzmatyndan peýdalanmaýan bolsa, degişlilikde «ÝOK» diýip (x)-görnüşde bellik edilýär we bu bölegi boş (-)-görnüşde goýulýar;

14) “Arzany siziň ýeriňize başga adam doldurdymy?” atly bentde pasport almak (çalşyrmak) üçin ýüz tutan raýat tarapyndan degişlilikde «ÝOK» diýip (x) – görnüşde bellik edilýär we bu bölegi boş (-) – görnüşde goýulýar. Eger-de pasport almak (çalşyrmak) üçin ýüz tutan raýatyň arzasyny onuň ýerine başga adam dolduran bolsa, «HAWA» bölümçede (x) – görnüşde bellik edilip aşakda görkezilen sebäplerden: “çaga”, “kämillik ukyby ýok”, “eli (iki eli) ýa-da barmagy (birnäçe barmagy) ýok” ýa-da “beýlekiler (sebäbini görkeziň)” diýen ýazgylaryň degişlisi saýlanýar we arzany dolduran adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy esasynda, degişli maglumatlary ýazylýar. 18 ýaşa ýetmedik çagalaryň we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlaryň arzalary olaryň ata-eneleri ýa-da beýleki kanuny wekilleri tarapyndan doldurylýar. Şu bendi dolduran adam tarapyndan gol çekilýär we senesi görkezilýär. Pasporty almak (çalşyrmak) üçin ýüz tutýan Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalary beýleki fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan hem doldurylyp bilner.

Pasportyny almak (çalşyrmak) üçin arza bilen ýüz tutýan raýata, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 10-njy maddasyna we “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýändigi barada düşündirilýär.

Pasportyny almak (çalşyrmak) üçin arza bilen ýüz tutýan raýata, özüniň arzasynda görnetin ýalan maglumatlar berse ýa-da görnetin galp resminamany peýdalansa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige çekiljekdigi barada düşündirilýär.

Pasportyny almak (çalşyrmak) üçin arza bilen ýüz tutýan raýata degişli resminamalary doly tabşyran gününden başlap 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda pasportyň taýýar boljakdygy barada düşündirilýär.

Pasportyny almak (çalşyrmak) üçin arza bilen ýüz tutýan raýata pasportyň duýgur elektron elementleri öz içinde saklaýandygy, onuň oňaýly işlemegi üçin ony eplemezligi, deşmezligi ýa-da ýokary temperaturanyň, ýokary çyglylygyň, magnitli meýdanyň, mikrotolkunlaryň täsirine sezewar etmeli däldigi, şeýle hem pasporty aýawly saklamalydygy barada düşündirilýär;

15) “Arzaçynyň goly Senesi” atly bentde pasport almak (çalşyrmak) üçin arza bilen ýüz tutýan raýat tarapyndan gol çekilýär we senesi görkezilýär;

16) “Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň jogapkär işgäriniň wezipesi, harby ady, f.a.a.a., goly” atly bentde Türkmenistanyň raýatynyň resminamalaryny kabul eden migrasiýa gullugynyň edarasynyň jogapkär işgäriniň maglumatlary gysgaldylman doly we takyk ýazylýar;

17) “Ýatyrylan pasportyň tapgyry we belgisi” atly bentde raýatyň pasporty çalşyrylyp berlende ýatyrylan köne pasportynyň tapgyry we belgisi ýazylýar.

Berlen pasport baradaky bentde raýatyň täze pasporty berlende pasportyň tapgyry bilen belgisi, onuň gowşurylan senesi baradaky maglumatlar ýazylýar hem-de eýesiniň pasporty alandygy barada şahsy goly çekdirilýär.

Pasport resmileşdirilende şahsy maglumatlar sahypasyna ýerleşdirmek üçin 16 ýaşyna ýeten Türkmenistanyň raýatlarynyň arzada görkezilen “arzaçynyň goly” diýen bölege şahsy gollary çekdirilýär. 16 ýaşyna ýetmedik we kanunçylykda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlaryň arzada görkezilen ýörite bölege şahsy gollary çekdirilmeýär. Raýatyň şahsy golunyň ulanylmaýan halatlarynda arzada görkezilen ýörite bölegine «XXX» görnüşinde bellik edilýär.”;

  1. f) onunjy böleginde “Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalary” diýen sözleri “Türkmenistanyň raýatynyň arzasy” diýen sözler bilen çalşyrmaly;
  2. g) on ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“12. Pasport almak (çalşyrmak) üçin ýüz tutýan raýatyň Sanaw boýunça kabul edilýän resminamalarynyň asyl nusgalarynyň skanirlenen görnüşi elektron göterijiden Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň pasport ulgamyndaky maglumatlar goruna girizilýär we elektron göteriji eýelerine gaýtarylýar.

Şu bölegiň birinji tesiminde agzalan elektron göterijiden peýdalanyp bolmasa hem-de resminamalaryň asyl nusgalarynyň skanirlenen görnüşi hödürlenip bilinmedik ýagdaýynda, migrasiýa gullugynyň edaralarynyň jogapkär işgärleri tarapyndan Sanaw boýunça kabul edilýän resminamalar skanirlenip Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň pasport ulgamyndaky maglumatlar goruna girizilýär.”;

  1. h) on üçünji böleginde:

2-nji, 3-nji, 5-nji, 6-njy, 13-nji, 14-nji, 15-nji hem-de 18-nji bentlerinde “we onuň nusgasy”, 10-njy bendinde “we olaryň nusgalary” diýen sözleri aýyrmaly;

4-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

“4) Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan resminama (Türkmenistanyň raýatynyň pasporty ýa-da ygtyýarly edaranyň möhüri, berlen senesi we çykyş belgisi, raýatyň anyk salgysyny görkezmek bilen 30 (otuz) senenama güni möhlet bilen berlen delilhaty we ş.m.).”

7-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

“Harby bilet ýa-da harby hasap resminamasy (harby borçlular we harby gulluga çagyryşa degişli adamlar üçin), harby gullukçylar üçin gulluk şahsyýetnamasy (65 ýaşdan ýokary raýatlardan talap edilmeýär)”;

8-nji bendinde “pudak” hem-de “rugsat” diýen sözleri degişlilikde “pudaklaýyn dolandyryş” we “Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny resmileşdirmek baradaky” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

17-nji bendinde “resminama ýa-da lukmançylyk delilhatlary” diýen sözleri “resminamasy ýa-da lukmançylyk delilhaty” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

“Bellik” diýen bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

“Şu bölegiň 1-nji bendinde görkezilen surat we 9-njy bendinde görkezilen döwlet pajynyň töleg kagyzyndan başga resminamalaryň asyl nusgalary eýelerine gaýtarylýar.”

  • i) on dördünji bölegini aýyrmaly;
  • j) on altynjy böleginde “çap edilen ştrih kod berilýär. Şol ştrih kod” diýen sözleri “belgi berilýär. Şol belgi” diýen sözler bilen çalşyrmaly;
  1. z) on ýedinji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

“171) Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň bilkastlaýyn zaýalanmagy ýa-da harsallyk bilen ýitirilmegi sebäpli, ýüz tutýan 16 ýaşan raýatlar babatynda görülen administratiw çäreleriň maglumatlary Gullugyň pasport ulgamynda ýörite niýetlenen programma ulgamyna girizilýär.”;

  1. k) ýigriminji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

“Dürli sebäplere görä pasportlary çalşyrylan we Türkmenistanyň raýatynyň pasportynda “TDMG pasport resmileşdirildi” diýen möhüri bolan adamlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportyna ikinji gezek bu möhür basylmaýar.”;

  1. l) ýigrimi birinji böleginde “düzýär (1-nji goşundy)” diýen sözi “(şu Gollanma 2-nji goşundy) düzýär” diýen sözler bilen çalşyrmaly;
  2. m) ýigrimi ikinji böleginiň dördünji tesiminde “çalyşmagyň”, “(2-nji Goşundy)” diýen sözleri degişlilikde “çalşyrmagyň”, “(şu Gollanma 3-nji goşundy)” diýen sözler bilen çalşyrmaly;
  3. n) ýigrimi üçünji böleginiň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

“Raýatyň pasporty çalşyrylanda onuň sahypalarynyň deşilişiniň görnüşine (şu Gollanama 4-nji goşundy) laýyklykda 4 ýerinden deşilip, birinji sahypasyna “Ýatyryldy/Cancelled” möhürçesi basylyp eýesine gaýtarylyp berilýär.”;

ň) ýigrimi altynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“Pasport bäş ýyla çenli möhlete resmileşdirilýär.”;

  1. o) şu görnüşli 1-nji goşundyny goşmaly:

“TÜRKMENISTANYŇ RAÝATYNYŇ TÜRKMENISTANDAN GITMEK WE TÜRKMENISTANA GELMEK ÜÇIN PASPORTYNY ALMAK (ÇALŞYRMAK) ÜÇIN ARZA

 

Bellige alyş belgisi we senesi:_________ ___/___/____ Arzanyň görnüşi:  Adaty Gyssagly

 

  1. Pasport almak (çalşyrmak) üçin arza bermeginiň sebäpleri

 

Arzasy boýunça birinji berliş Raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä ýüz keşbiniň üýtgemegi
Pasportyň hereket edýän möhletiniň tamamlanmagy Raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä barmak yzlarynyň üýtgemegi
Raýatyň şahsy maglumatynyň üýtgemegi Pasportyň hereket edýän möhletiniň tamamlanmagyndan öň çalşyrylmagy
Pasportyň ýazgylarynda nätakyklygyň ýüze çykmagy Pasportyň wizalar we bellikler üçin göz öňünde tutulan boş sahypalarynyň bolmazlygy
Pasportyň ulanmaga ýaramsyz bolmagy Beýlekiler (aşakda sebäbini görkeziň)
Pasportyň ýitirilmegi

 

 

 

30mm x 40mm

SURAT ÜÇIN

 

 

 

 

 

 

  1. Şahsy maglumatlary:

 

Familiýasy
Ady
Atasynyň ady
Doglan senesi
Milleti
Jynsy Erkek Aýal

 

  1. Doglan ýeri:

 

Ýurt
Welaýat
Еtrap, şäher
Şäherçe, geňeşlik

 

 

  1. Ýaşaýan ýeri (ýazgyda duran salgysy):

 

Ýurt
Welaýat
Еtrap, şäher
Şäherçe, geňeşlik
Ýaşaýan ýeriniň salgysy

 

  1. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty bilen bir hatarda beýleki daşary ýurt döwletiniň (döwletleriniň) pasporty (pasportlary) barmy?

  «HAWA» «ÝOK». Eger beýleki daşary ýurt döwletiň pasporty bar bolsa, şol döwleti we şol döwlete degişli pasportyňyzdaky maglumatlary görkeziň.

 

Ýurt
Pasportyň tapgyry, belgisi
Pasportyň hereket edýän

möhleti

 

  1. Goşmaça maglumatlar (telefon belgisi, faks belgisi, elektron poçtanyň salgysy)

 

Öý tel: Iş tel: Öýjükli tel:
Faks №: Elektron poçtanyň salgysy:

 

  1. Harby gulluga degişliligi

 

Harby gullukçy Harby borçly däl Harby borçly Ätiýaçlykda bolýan

  1. Maşgala ýagdaýy

Nika baglaşmadyk Nika baglaşan Nikasy bozulan äri (aýaly) ölen

  1. Bilimi

Umumy Orta Orta hünär Ýokary hünär

  1. Işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi

 

Ýurt
Welaýat
Etrap, şäher
Salgy
Edaranyň ýa-da okuw jaýynyň ady
Wezipe (Fakulteti)

 

  1. Siz Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň SMS arkaly habarnamalary ibermek üçin tölegli goşmaça hyzmatyndan peýdalanmak isleýäňizmi?

 

 «HAWA» «ÝOK». Eger SMS arkaly habarnamalary ibermek üçin tölegli goşmaça hyzmatdan peýdalanmak isleýän bolsaňyz, SMS habarnamanyň iberiljek öýjükli telefon belgiňizi görkeziň.

 

Öýjükli tel.: +993 _______________ Goly:______________________________

 

  1. Arzany siziň ýeriňize başga adam doldurdymy?

 

 «HAWA» «ÝOK». Eger siziň ýeriňize başga adam dolduran bolsa, aşakda görkezilen sebäplerden size degişlisini saýlaň we arzany dolduran adama degişli maglumatlary görkeziň.

Çaga Eli (iki eli) ýa-da barmagy (birnäçe barmagy) ýok
Kämillik ukyby ýok Beýlekiler: __________________________________________

 

Arzany dolduran adamyň şahsy maglumatlary

Familiýasy, ady, atasynyň ady
Telefon belgisi (öý, iş, öýjükli)

 

Arzany dolduran adamyň goly ________________ Senesi (güni, aýy, ýyly) ___________________

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 10-njy maddasyna we “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýändigi barada DÜŞÜNDIRILDI.

Arzada görnetin ýalan maglumatlary bersem ýa-da görnetin galp resminamalary peýdalansam, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige çekiljekdigim barada DÜŞÜNDIRILDI.

Pasportyň resminamalarymy doly tabşyran günümden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda taýýar boljakdygy barada DÜŞÜNDIRILDI.

Şu pasportyň duýgur elektron elementleri öz içinde saklaýandygy, onuň oňaýly işlemegi üçin ony eplemezligi, deşmezligi ýa-da ýokary temperaturanyň, ýokary çyglylygyň, magnitli meýdanyň, mikrotolkunlaryň täsirine sezewar etmeli däldigi, şeýle hem pasporty aýawly saklamalydygym barada DÜŞÜNDIRILDI.

 

  1. Arzaçynyň goly ___________________ Senesi (güni, aýy, ýyly)____________________
  2. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň jogapkär işgäriniň wezipesi, harby ady, f.a.a.a., goly_________________________________________________________________

 

  1. Ýatyrylan pasportyň tapgyry we belgisi __________________________

 

«___________» belgili pasporty «____» ______________ 20 ___ ýylda aldym. _________

 (pasportyň tapgyry we belgisi) (güni, aýy, ýyly) (arzaçynyň goly)

 

 Arzaçynyň goly

 

 

 

 

”;

12) 1-nji, 2-nji we 3-nji goşundylary degişlilikde 2-nji, 3-nji we 4-nji goşundylar diýip hasap etmeli;

13) 4-nji goşundynyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

“Raýatyň pasporty çalşyrylanda onuň sahypalarynyň deşilişiniň görnüşi”.

  1. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Gullugyň başlygynyň orunbasarlarynyň, Gullugyň Merkezi edarasynyň Pasport bölüminiň müdiriniň, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça müdirlikleriniň, degişli etrap we şäher bölümleriniň müdirleriniň üstüne ýüklemeli.

 

Gullugyň başlygy

podpolkownik B. Öwezow

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 29-njy maýynda 1473 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Daşary ýurtda galan türkmen raýatlary pasport möhletini uzaldyp biler

Biometriki Pasport boýunça üýtgetmeler we goşmaçalar

Stambuldan ýörite uçar gatnawy : «Türkmenistan» awiakompaniýasy

Hytaý diplomy ykrar edilýàn ýokary okuw jaýlarynyñ 2021 sanawy

 

GDA agza ýurtlar 2021: Diplomy ykrar edilýàn ýokary okuw mepdepleri

Tùrkiye 2021: Diplomy ykrar edilýàn ýokary okuw mekdepleri

 

Ýene-de okaň

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär