TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Biometriki Pasport boýunça üýtgetmeler we goşmaçalar

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalşyrmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi! Täze Sanaw Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi internet (www.migration.gov.tm) saýtyna ýerleşdirildi. Bu ýerdäki maglumaty www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň okyjylaryna ýetirýäris.

Daşary ýurda gitmek üçin biometriki pasport

Türkmenistanyň raýatynyň biometrik maglumatly pasporty 2008-nji ýylyň 10-njy iýulyndan ulanyşa girizildi.

Türkmenistanyň raýatynyň pasporty 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyna çenli Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin öz güýjüni saklan.

  1. Türkmenistanyň raýatynyň biometrik maglumatly pasporty Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän hem-de daşary ýurtlarda bolanda onuň şahsyýetine güwä geçýän resmi nama bolup durýar.
  2. Pasport Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar hem-de dünýäniň ähli döwletlerine gitmek üçin hakykydyr. Pasport türkmen we iňlis dillerinde taýýarlanýar.
  3. Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleri ýa-da konsullyk edaralary berýär.
  4. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň raýatynyň biometrik maglumatly pasportyny almak (çalşyrmak) üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutýarlar.
  5. Pasport resmileşdirmek üçin raýatyň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde şahsy arzasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kabul edilýär. Raýatyň pasportyny resmileşdirmek üçin resminamalarynyň kabul edilen güni diýlip onuň elektron suratynyň we biometriki maglumatlarynyň alnan güni hasap edilýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara pasportlar olaryň ata-eneleriniň biriniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde arzasy esasynda resmileşdirilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň ýazmaça görnüşinde arzalary kabul edilende we pasportlary berlende olaryň gatnaşmagy hökmandyr.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda 16 ýaşa ýetmedik çagalar, weteranlar, şeýle hem ahli topardaky maýyp adamlar döwlet pajyny tölemekden ýa-da konsullyk ýygymlardan boşadylýar.

  1. Pasport 5 (bäş) ýyla çenli möhlete resmileşdirilýär.

Pasport eýesiniň hut özüne ýa-da onuň kanuny wekiline arza berijiniň şahsyýetine güwä geçýän resmi namalary görkezmegi boýunça gol çekdirilip berilýär.

  1. Eger Türkmenistandan gitmek şol gidýän raýatyň saglygynyň gyssagly bejerilmegi ýa bolsa Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan ýakyn garyndaşynyň agyr kesellemegi ýa-da aradan çykmagy, ýa beýleki gaýragoýulmasyz ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolsa, pasporty resmileşdirmek baradaky arza üç iş gününden giç bolmadyk möhletde garalýar.
  2. Pasportlar şu halatlarda çalşyrylýar:

hereket ediş möhleti tamamlananda;

şahsy maglumatlary üýtgände;

ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda;

ulanmaga ýaramsyz bolanda;

wizalar we bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar tamamlanda;

raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä onuň barmak yzlary, ýüz keşbi üýtgände.

Zerur bolan halatlarda Türkmenistanyň raýatynyň biometrik maglumatly pasportynyň möhleti tamamlanmazyndan öň hem çalşylyp bilner.

  1. Pasport şu halatlarda ýatyrylýar:

pasport çalşyrylanda;

Türkmenistanyň raýatlygy bes edilende;

pasportyň eýesi aradan çykanda;

4) tehniki näsazlyk, maglumatlarda nätakyk, raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä barmak yzlarynyň, ýüz keşbiniň üýtgemegi bilen pasporty raýata berip bolmadyk halatynda;

Raýatyň pasporty çalşyrylanda onuň sahypalary deşilip, birinji sahypasyna “Ýatyryldy/Cancelled” möhürçesi basylyp eýesine gaýtarylyp berilýär.

Tapylan pasportlar migrasiýa gullugynyň edaralaryna tabşyrylmaga degişlidir.

Gerekli resminamalaryň sanawy

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalşyrmak) üçin arzasy;

30mm x 40mm ölçegde bir sany reňkli surat (suratyň arka tarapy ak reňkde);

Türkmenistanyň raýatynyň pasporty (16 ýaşyna ýeten raýatlar üçin);

Dogluş hakynda şahadatnama (raýatyň dogluş hakynda şahadatnamasy hem-de dogluş hakynda nama ýazgysy saklanyp galmadyk halatynda, raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň ýokdugy baradaky delilhaty);

Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýan ýerini tassyklaýan resminama;

Türkmenistanyň çäklerinden daşary hemişelik ýaşamak üçin giden Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletinde ýaşaýandygyny tassyklaýan resminamasy;

Nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama (raýatyň nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamasy hem-de nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakyndaky nama ýazgysy saklanyp galmadyk halatynda, raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň ýokdugy baradaky delilhaty);

Harby bilet ýa-da harby hasap resminamasy (harby borçlular we harby gulluga çagyryşa degişli adamlar üçin), harby gullukçylar üçin gulluk şahsyýetnamasy (65 ýaşdan ýokary raýatlara talap edilmeýär);

Harby gullukçylar üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny resmileşdirmek baradaky haty (hereket edýän möhleti 6 aý);

Türkmenistanyň raýatynyň  Türkmenistandan  gitmek we Türkmenistana gelmek üçin  pasportyny almak (çalşyrmak) üçin döwlet pajynyň töleg kagyzy ýa-da pasport almak (çalşyrmak) üçin döwlet pajyny  tölemekden boşadylandygyny tassyklaýan resminama;

16-ýaşyna ýetmedik çagalaryň ata-eneleriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasportlary we olaryň nusgalary;

16-ýaşyna ýetmedik çagalara Türkmenistanyň  raýatynyň  Türkmenistandan  gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty resmileşdirilende, aýratyn halatlarda, aşakdaky resminamalar talap edilip bilner:

Çaganyň atasy hakyndaky maglumatlar çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynda çaganyň enesiniň arzasy esasynda görkezilen halatynda, RÝNÝ edaralary ýa-da daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berlen 27-nji görnüşdäki  kepilnama;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri aradan çykan halatynda, aradan çykan ata-enäniň ölüm hakynda şahadatnamasy we ata-enesiniň biriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny almak baradaky 1-nji görnüşindäki arzasynyň nusgasy;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri nam-nyşansyz gidendigi diýlip yglan edilen halatynda, şahsyň nam- nyşansyz gidendigini tassyklaýan resminama;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri ata-enelik hukugyndan mahrum edilen halatynda, ata-enesiniň ikisiniň ýa-da olaryň biriniň ata-enelik hukugyndan mahrum edilendigi barada resminama;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri raýatlygy bolmadyk adam bolan halatynda,  çaganyň  ata-enesiniň  biriniň raýatlygy bolmadyk  adamyň  şahsyýetnamasy;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri tussag edilen halatynda, tussag edilendigini tassyklaýan  resminama we  pasportlarynyň (pasportynyň) nusgasy;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri Türkmenistanyň çäklerinden hemişelik ýaşamak üçin daşary ýurt döwletine giden halatynda, pasportlarynyň (pasportynyň) nusgasy;

Çaganyň ata-enesiniň nikasy bozulan halatynda, ýa-da çaga babatda atalygy anyklanan bolsa, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ata-enesiniň biriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we ata-enesiniň beýlekisiniň pasportynyň nusgasy;

Çaganyň atalygynyň anyklanandygy döwlet tarapyndan bellige alnan bolsa, çaganyň atalygynyň anyklanylandygy hakynda şahadatnamasy.

16-ýaşyna ýetmedik çagalaryň ata-enesiniň ikisiniň ýa-da olaryň biriniň beýleki daşary ýurt döwletiň (döwletleriniň) pasporty (pasportlary) ýa-da onuň nusgasy (nusgalary), şol resminamalar bar  bolan halatynda;

Kanuny wekil diýlip bellenen raýatyň wekilliginiň hukugyny (kanunylygyny) tassyklaýan resminamasy;

Kanuny wekil diýlip bellenen raýatyň pasporty;

Şahsy maglumatlaryny üýtgeden raýatyň şahsy maglumatlarynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminamasy;

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty ýitirilen ýa-da ogurlanan halatynda:

Türkmenistanyň çäklerinde: pasportyň yitirilendigi ýa-da ogurlanandygy barada Türkmenistanyň içeri işler edaralary tarapyndan berlen kepilnama;

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda: pasportyň yitirilendigi ýa-da ogurlanandygy barada daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen kepilnama ýa-da  daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk  edaralary  tarapyndan  berlen  ýurduna  dolanyp barmak üçin şahadatnama  ýa-da olaryň nusgalary;

Pasport almak üçin ýüz tutýan adamyň barmak yzynyň (yzlarynyň) alynmagyna, şeýle hem onuň goluny çekmäge päsgel berýän ýagdaýlaryň bardygyny güwä geçýän degişli resminama  ýa-da  lukmançylyk delilhatlary;

Daşary ýurt döwletiň (döwletleriniň) raýatynyň pasporty (pasportlary) ýa-da onuň (olaryň) ornuny tutýan resminamasy, şol resminamalar bar bolan halatynda;

Pasport almak (çalşyrmak) üçin ýüz tutýan raýatyň şu Sanaw boýunça kabul edilýän resminamalarynyň asyl nusgalarynyň elektron göçürmesi (skanirlenen görnüşi), elektron göterijide (maglumatlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň pasport ulgamyndaky maglumatlar goruna girizilenden soňra elektron göteriji eýelerine gaýtarylýar);

Zerur halatlarda  beýleki  resminamalar  hem talap edilip bilner.

Bellik: Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalşyrmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawyna laýyklykda arzaçy tarapyndan haýsydyr bir resminama berilmäge mümkinçilik bolmadyk halatynda  onuň arzasy we oňa goşulan beýleki resminamalary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň  rugsady boýunça  kabul edilip bilner. Şu Sanaw boýunça talap edilýän resminamalaryň asyl nusgalary (şu Sanawyň birinji-ikinji böleklerinde görkezilen resminamalar we onunjy böleginde görkezilen döwlet pajynyň töleg kagyzy muňa girmeýär) eýelerine gaýtarylýar.

30 sany baýrak Size garaşýar: Sanly ulgam barada Makala bäsleşigi

Ýene-de okaň

Täze ýyl gijesi: awtobuslar 02:00, taksiler gije-gündiz hereket eder

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Teswirle