30 sany baýrak Size garaşýar: Sanly ulgam barada Makala bäsleşigi

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty däbe öwrülen “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny yglan edýär. Bäsleşik www.sanlyhyzmat.com  we www.makulsozluk.com saýtlarynyň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek bu döredijilik bäsleşigimiz üçin “Sanly ulgamy” saýlap aldyk. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda, has takygy, 2019-2020-nji ýyllarda Ýer ýüzünde sanly ulgamyň ähmiýeti has-da artdy. Ähli ugurlary sanlylaşdyrmak işleri giň gerime eýe bolýar.

Biziň ýurdumyzda hem «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň öňdebaryjy ugurlaryny giňden ornaşdyrmak babatda işler alnyp barylýar.

Biziň döredijilik toparymyz hem okyjylar köpçüligine sanly ulgam, sanly ulgamyň ykdysadyýete goşandy, sanly ulgamyň adam durmuşyndaky täsirleri, sanly ulgamyň adalgalary (terminleri) barada has içgin hem-de täsirli taýýarlanan makalalar toplumyny ýetirmegi göz öňünde tutdy.

Şonuň üçin bu gezek döredijilik bäsleşigimiz “Sanly ulgama” degişli bolar.

  • Awtorlarymyzdan, has dogrusy bu ugurda işine ökde hünärmenler tarapyndan hödürlenjek makalalaryň sanly ulgamyň islendik ugruny, meselem, emeli aň, “startup”, bulut tehnologiýasy, kiberhowpsuzlyk, finteh, sanly bilim, sanly lukmançylyk, elektron-hökümet ýaly ugurlarda giňişleýin makala ýazyp hödürlemegi talabalaýyk bolar.
  • Bu ýerde awtorlardan garaşylýan esasy talap, makalanyň okyja şol ugry doly düşündirmekden ybarat bolmaly. Şonda, sanly ulgama degişli dünýä belli kompaniýalaryň geçen terjibesi baradaky maglumatlar hem makalanyň gymmatyny artdyryp biler. Emeli äň näme, bulut tehnologiýasy näme we durmuşyň haýsy ulgamynda sanly ulgamdan peýdalanylýar, kiçi kärhanalarda emeli aňa geçiş tejribesi…. şuňa meňzeş mowzuklar has köp maglumatlar bilen baýlaşdyrylyp hödürlenmegi okyjylar üçin gymmatly bolar.
  • Siziň hödürlän makalalaryňyz eminler topary tarapyndan seljeriler. Okyjylar üçin has peýdaly hasaplanan makalalar internet saýtymyza ýerleşdiriler.

Bäsleşigiň möhleti:

  • Bäsleşikde eserler 1-nji Iýun 2021 senesinden kabul edilip başlanýar.
  • Hödürlenen eserler 15-nji Iýun 2021 senesinden başlap, saýta ýerleşdiriler.
  • Bäsleşige ugradylýan eserler 31-nji Awgust 2021 çenli (sagat 18:00) kabul ediler.
  • Bäsleşigiň ýeňijileri 25-nji Sentýabr 2021 senesinde yglan ediler.

Bäsleşigiñ geçiş tertibi

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň iberen eserleri “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda  we sanlyhyzmat.com saýtlarynda çap ediler.
  • Siziň iberen eserleriňiz “Atavatan Turkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik topary tarapyndan seredilip, diňe bäsleşigiň şertlerine laýyk gelýän işler saýtlarda ýerleşdiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenleriň eserleri web sahypamyza ýerleşdirilenden soňra bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
  • Şonuň üçin gyzykly, çeper, öwredijilik häsiýetli hem-de okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekjek eserleri ibermegiňiz has maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris.
  • Bäsleşige hödürlenýän işler türkmen dilinde bolup, oňa isleg bildirýän islendik ýaşly raýatlar gatnaşyp biler. Dünýäniň dürli künjegindäki ildeşlerimiziň iberjek eserlerini okamakdan lezzet alarys.
  • Hödürlenjek eserler WORD görnüşinde atawataneserleri@gmail.com elektron salgysyna “Ata Watan Eserleri bäsleşigine hödürlenýär” belligi bilen iberilmeli. Awtorlar bäsleşige ýazan işlerine degişli suratlary hem iberip bilerler. Bellik: saýtyň talabyna laýyk gelýän suratlar ýerleşdiriler. Habarlaşmak üçin : +993 62 88 02 63
  • Bäsleşige hödürlenen eseriň awtory özi baradaky maglumatlary (ady, familiýasy; öý salgysy, telefon belgisi, bar bolsa işleýän (okaýan) ýeri) takyk görkezmelidir. Eser boýunça jogapkärçilik awtora degişlidir. Awtor islese, özüniň fotosuratyny elektron poçta bilen iberip biler. (Bellik: awtor tarapyndan iberilen fotosurat talabalaýyk bolsa saýta ýerleşdiriler. Eger-de awtorlar suratlaryny öz maglumatynyň ýanynda ýerleşdirilmegini isleýän bolsa, onda fotosuratyny bize eser bilen bilelikde ibermegini haýyş edýäris. Awtoryň fotosuraty biziň “Instagram” we beýleki hasaplarymyzda hem eseri bilen bilelikde paýlaşylar).
  • Her awtor bäsleşige özi tarapyndan ýazylan 1 eser bilen gatnaşyp bilýär.
  • Awtoryň hödürlejek eseri 500 bilen 1000 söz aralygynda bolmalydyr. Şol sebäpli ýazan eserleriňizde söz çäklerine üns bermegiňizi haýyş edýäris.
  • Bäsleşigiň ýeňijilerine pul baýraklar gowşurylar. Baýraklar Aşgabat şäherinde gowşurylar.
  • Hödürlenen eserler emin agzalarynyň 50 göterim, atavatan-turkmenistan.com internet saýtymyzda okalan sany (20 göterim) www.sanlyhyzmat.com okalan sany (20 göterim)  hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky (@atavatanturkmen) “halanan” sany (10 göterim) boýunça ýeňijiler kesgitlener.
  • Bäsleşikde “okalan sanynyň “ýasama” artdyrylmagynyň” öňüni almak üçin “Google Analytic” mümkinçiliklerinden peýdalanylýar.
  • Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň usulyna laýyklykda, “Google Analytic” maglumatlaryny esasynda “okama” sanynyň şol maglumatlardaky şol eser üçin saýtda geçirilen ortaça wagta köpeltmegiň jemi hasaba alnar. Ýagny, bir eser okamak üçin saýtda ortalaça geçirilmeli wagt 120-150 sekunta barabar bolar. Başgaça aýdanymyzda şol eseriň linkine girip çykmak, ýeňiji bolmak üçin ýeterlik däl. Bir eser üçin, saýtda geçirilen ortaça wagt 25 sekuntdan az bolsa, onda, şol eser ýaryşdan çetleşdirilýär.
  • (Bellik: eseri okalmazdan saýtda şol linki açyp goýmak, esere peýda getirmän, gaýtam zyýan getirer, şol sebäpli hakykatdan hem okalan sanyny artdyrmak, okamak üçin saýta girjek okyjylara eseriň linkini ýetirmek maslahat berilýär) eserleriň ýeňiji boljakdygyny görkezýär.

Ýeňijilere haýsy baýraklar garaşýar!

Bäsleşik Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýändigi sebäpli 30 sany baýrak bar!

Birinji orun : 3000 Manat

Ikinji orun : 2500 Manat

Üçünji orun 2000 Manat

Dördünji orun 1500 Manat

Bäşinji orun : 1000 Manat

6-30-nji orunlaryň her birine 300 Manat

Üstünlik hemraňyz bolsun!

Siz kimiň ýeňiji bolanlygy baradaky maglumat boýunça habar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň  Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Ýetilen sepgit 16 000 : Maksat 20 000

ÝENE-DE OKAŇ

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlady. Düýn gije 00:00-da ilkinji duşuşyk geçirildi. "A" toparda çykyş edýän Italiýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. ITALIÝADAN TARYHY REKORD Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri, resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda bassyr 28 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Bu ýurduň taryhyndkay täze bir rekorddyr. Bu döwürde...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda...
Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek Medeniýet hepdeligi hem-de baýramçylyk açylyş dabaralary barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatyndaky döredijilik çäresi we onuň maksatnamasy barada aýdyldy. Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň,...
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sementiň täze görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy. “Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak...
Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmaga, dünýädäki iň iri Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça hasabat berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berlişi ýaly, häzirki...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
833TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar