TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Açyk gapylar: Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2021-2022-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar, internet bilen üpjün edilen okuw otaglary, barlaghanalary, şeýle-de «Oguzlar» döredijilik toparynyň çykyşlary, «Oguz han» innowasion toplumy, kitaphana, sport-sagaldyş toplumy we talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Köşi köçesiniň 100-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-16-12, 39-16-40.

 

Açyk Gapylar güni: Ähli okuw mekdepleri

 

 

Türkmen talyplaryna Italiýada okamak mümkinçiligi

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

Teswirle