Ýewropa Bileleşigi : Ilçi Diego Ruiz Alonso bilen söhbetdeşlik

Her ýyl 9-nji maý güni Ýewropa Bileleşiginiň güni bellenilýär we ýakynda   Ýewropa Bileleşiginiň  başlangyç nokady hasaplanýan  Şuman Jarnamasynyň 71 ýyllygy bellenildi.  Bu ýyl şeýle hem beýleki ýurtlarda Bileleşigiň  esasyny düzýän  gymmatlyklary öňe sürmek we Ýewropa Bileleşigini gurmak döwründe alnan sapaklary halkara hyzmatdaşlar bilen  paýlaşmak üçin döredilen  Ýewropa Bileleşiginiň Daşarky Hereket Gullugynyň  on ýyllygy bellenilýär. Şu ýylda ýagny,  2021-nji ýyl – Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Ata Watanymyz Türkmenistan özüniň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Biz şeýle sanly seneler we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gürrüň bermegini haýyş edip Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hormatly Diego Ruiz Alonso ýüz tutdyk.

Gyzykly we peýdaly maglumatlary  özünde jemleýän Söhbetdeşligi Türkmenistandan girilýän ähli saýtlaryň arasynda “Google” saýtyndan soňra ikinji orunda duran “Atavatan Türkmenistan “ halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň maslahatçysy, Brýusseliň Döwlet dolandyryş mekdebiniň magistranty Ogultäç Welläýewa alyp bardy.

  1. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin esas hökmünde näme hyzmat edýär?

2019-njy ýylyň  6-njy iýulynda  hanym Federika Mogherini Aşgabatda saparda bolup, daşary işler ministri jenap Raşid Meredow bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda wekiliýetini döretmek şertnamasyna gol çekildi. ÝB-niň Türkmenistandaky edarasy dünýäde 142-nji wekiliýet edarasy  boldy.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga hem-de hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy artdyrmak we pugtalandyrmak maksady bilen bu şertnamany gysga wagtda amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň  hökümeti bilen uly  işler alnyp barylýar. Bu bolsa, esasan, ähli pudaklarda hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berer.

  1. Türkmenistanyň umumy ösüşi hem-de “COVID 19”-dan soňky umumy gaýtadan dikeldilmegi boýunça Ýewropa Bileleşiginiň nähili garaýyşlary bar?

Türkmenistan öz ygtyýarynda köp mümkinçilikleri bolan ýurt: ol energiýa çeşmelerine baý we gaýtadan işleýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça giň mümkinçilige eýedir. Jemgyýet üçin hyzmatlaryň we harytlaryň üstaşyr geçmegi üçin sebitde oňaýly sebitden peýdalanmak bilen syýahatçylyk pudagyny hem ösdürmäge uly mümkinçiligi bar. Ýewropa Bileleşigi bu ugurlarda ykdysady ösüşini amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýär we iş gurşawyny, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny we maýa goýum mümkinçiliklerini gowulandyrmagy maksat edinýän Türkmenistanyň özgertmalar maksatnamalaryna goldaw bermäge taýýardyr. Biz Türkmenistanyň ýakynda Bütindünýä Söwda Guramasynda (The World Trade Organization- WTO ) synçy bolandygyny belläp we doly agzalyk etmek boýunça tejribämizi paýlaşmaga taýýardygyny mälim edýäris.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda hususy pudagy ösdürilmeginiň we esasanam, oba ýerlerinde kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň zerurdygyny nygtaýar. Bu maksat bilen, Merkezi Aziýa maýa goýum gaznasynyň (the Investment Facility for Central Asia -IFCA) çäginde Ýewropa Bileleşigi, ÝTÖB (The European Bank for Reconstruction and Development –EBRD) tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamany maliýeleşdirýär, şeýle hem şol kiçi we orta kärhanalarynda  iş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin  tehniki goldaw hem berilýär. Taslamanyň bir bölegi zenan-telekeçileri üçin mümkinçilikleri güýçlendirmeklige bagyşlandy. Bu ugurda başga  taslamalar hem Türkmenistanda oba ýerlerinde durnukly ösüşe gönükdirilendir.

Oba we daşky gurşawy goramak ministrligine goldaw bermekden başga-da, taslama hususy daýhanlara önümçilik we hasyl ýygnamak usullaryny gowulandyrmaga, has uly (halkara) bazar üçin önümçilik kuwwatyny we önümçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Iş gurşawyny ösdürmek, COVID-19-dan soňky ykdysadyýetiň dikeldilmegi möhümdir. Esasanam ýaşlar üçin iş mümkinçiligini döretmekde oňyn täsir eder.

Adam hukuklaryna we demokratik ýörelgelere bolan hormatyň artmagy mümkinçilige eýe bolan maýadarlaryň ynamyny güýçlendirmekde hem uly orun eýeleýär. Ýewropa Bileleşigi  zerur özgerişlikleri taýýarlamak işinde Türkmenistanyň Hökümetine goldaw bermäge taýýardyr.

Ýewropa Bileleşiginiň ýaşyl şertnamasynyň (Green deal) kabul edilmegi  hem-de  COVID-19 global pandemiýa  sebäpli ýüze çykan kynçylyklar nukdaýnazaryndan Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen halkara hyzmatdaşlaryny geljekde  has hem berkitmegi  dowam eder we öwrenilen ähli sapaklaryny we öňdebaryjy tejribelerini paýlaşar, energiýa serişdelerini geçirmek we durnukly ykdysadyýeti alyp barmak  barýan bu ýolda üstünlikli iş alnyp baryljakdygyna garaşylýar.

  1. Türkmenistany Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan haýsy ykdysady taraplar boýunça tapawutlandyryp bilner hem-de  bu tapawutlyklar  ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynda nähili orun eýeläp  biler?

ÝB eýýäm 70 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli birleşdirme  nusgasydyr. Bu taslamalaryň gymmatlyklaryny we esaslaryny halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarymyzda öňe sürülýär. Türkmenistan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary üçin ikitaraplaýyn taslamalar işlenilýär we sebitleýin görnüşde has gowy çözgütli  hasaplaýan başlangyçlarymyza bilelikde gatnaşmak mümkinçiligi bar.

Okap bilersiňiz  ÝUNOPS-yň Türkmenistandaky ilkinji taslamasy

Ýewropa Bileleşigi, Merkezi Aziýada bitewi giňişligi görýär we bu sebitiň ilaty üçin her bir ädimiň öňe ädiljekdigine berk ynanylýar.

  1. COVID-19 umumy meýilleşdirilen taslamalaryň, hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegine nähili derejede täsir etdi?

2020-nji ýyl diýseň howsalaly boldy, şeýle-de bolsa, hemmämiziň onlaýn iş tertibine geçendigimizi, howpsuz durmagymyzy we ýüzbe-ýüz gatnaşyklarymyzy çäklendirýändigimizi göz öňünde tutulyp, dowam edýän taslamalaryň bellenen wezipelere laýyk gelmegini üpjün edildi. Mysal üçin  Ýewropa Bileleşigi  tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynda magistr derejesi boýunça okuwlar ýola goýuldy. Global pandemiýa başlamazyndan öň, şahsy gatnaşyklar üçin birnäçe bilermenleriň Türkmenistana gelip, magistr derejesini synagdan geçirip, akademiýanyň talyplaryna amaly okuwlary (leksiya) bermegi meýilleşdiripdik.

Şeýle-de bolsa, COVID-19-yň  ýer ýüzüne ýaýramagy sebäpli seresap bolmaklygy has öňde tutmak makul bilindi. Zehinli taslama hünärmenlerimiz we akademiýanyň örän yhlasly topary ähli okuw meýilnamalaryny we sapaklary onlaýn ýagdaýa geçirip, uzak aralyk okuw tertibine geçildi. Ýewropa Bileleşigi mukdar däl-de, hil tarapdan has üns berýär, şonuň üçin hem käbir işlerimiz COVID-19 sebäpli yza süýşürildi. Şeýle-de bolsa, maksatlaryň henizem ýerine ýetirilmegini gazanýarys(üpjün edýäris).

  1. Ýewropa gününiň manysy nämeden ybarat (Ýewropa güni nämäniň esasynda bellenilýär)? Ýeňiş güni bilen gabat  gelmeginiň sebäbi nämede?

Ýewropa güni her ýylyň 9-njy maýynda Ýewropada parahatçylyk we agzybirligiň güni hökmünde bellenilip geçilýär. Bu taryhy sene bolup,  Şuman jarnamasynyň kabul edilen gününe gabat gelýär.

1950-nji ýylda  Fransiýanyň daşary işler ministri Robert Şuman Parižde eden çykyşynda Ýewropada syýasy hyzmatdaşlygyň täze görnüşi baradaky pikirini öňe sürdi. Şumanyň maksady, kömür we polat önümçiligini birleşdirjek we dolandyrjak Ýewropa institutyny döretmekdi. Şeýle organy döretmek baradaky şertnama bir ýyldan soň gol çekildi. Şumanyň teklibi häzirki Ýewropa Bileleşiginiň başlangyjy hasaplanylýar.

Okap bilersiňiz  3D paýhasly haly

Simwoliki taýdan bu teklip 9-njy maýda edilipdi. Esaslandyryjy agzalar Fransiýa, Günbatar Germaniýa, Italiýa, Niderlandrlar, Belgiýa we Lýuksemburg ýaly ýurtlar boldy. Indi biz  27 sany  taryhy, däp-dessurlary, dilleri ýa-da dinleri dürli bolan ýurtlardygymyza garamazdan, ählimiz jem bolup, parahatçylykda raýatlarymyzyň bähbidi üçin bilelikde zähmet çekýäris.

  1. Diplomatik gatnaşyklardan başga-da, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň maksatnamalaýyn tarapy barmy? Häzirki wagtda hyzmatdaşlaryň arasynda bilelikdäki hereketler nämeden ybarat?

Häzirki wagtda 2021-2027-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy meýilleşdirýäris. Hyzmatdaşlar we dürli gyzyklanýan toparlar bilen maslahatlary geçirýäris. Meýilnamalarymyz entek tamamlanmadyk ýagdaýda bolmak bilen, (i) Milli Ösüş meýilnamasynyň maksatlaryna ýetmek, (ii) degişli (SDG-Sustainable Development Goals) Durnukly Ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin şert hökmünde ykdysadyýetiň ýaşyl taraplaryny öňe sürmegi meýilleşdirýäris; (iii) iş mümkinçiliklerini döretmek we öz içine alýan ösüşi ýokarlandyrmak. Bu bolsa, COVID-19 pandemiýasynyň zyýanly täsirinden soň ykdysadyýetiň gaýtadan dikeldilmegi üçin has möhüm bolar.

Täze hyzmatdaşlygyň ikinji tarapy hususy pudagyň ösüşi we oba hojalygynyň ösüşi bolar. Hususy pudak we oba hojalygyň ösüşi söwdany ýeňilleşdirmegiň esasy hereketlendirijisi bolup hyzmat edýär. Bu hyzmatdaşlygy raýat jemgyýetini pugtalandyrmagyň we dürli toparlara mümkinçilik döretmegiň usuly hökmünde görülýär. Bu bolsa  oba ýerlerinden gelen adamlara, ýaşlara ýa-da zenan-telekeçilere, zähmet bazaryna / maliýe / maglumat / okuwlara has gowy elýeterliligini ýokarlandyryp biler.

  1. 2021-nji ýyl “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýlip yglan edildi, bu barada nämeler aýdyp bilersiňiz?

Simwoliki taýdan Şuman Jarnamasy 9-njy maýda söweşiň gutaranyna gabat gelýär. Ýewropa Bileleşiginiň asyrlar boýy duşman bolan ýurtlardan parahatçylyk we ynam sebäpli dörändigini indi aýdyp bileris. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasaty, bileleşigi gurmaga kömek eden şol gymmatlyklary has hem öňe sürýär.

Häzirki zaman global kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýarys, mysal üçin howanyň üýtgemegi halklaryň arasynda raýdaşlygy we hyzmatdaşlygy talap edýär. Biz hem Ýewropa Bileleşiginde 70 ýyldan gowrak wagt bäri işleýäris we entek ýöremäge gaty köp ýol bar. Indi biz 27 agza döwlet bolup, köp sanly ugurlarda  kararlar Brýusselde kabul edilýär. Netijede, Ýewropa Bileleşigi üstün çykýar. Bu bolsa öňe tarap ägirt ädimdir.

  1. Bu ýylyň meýilnamalary nämeden ybarat?

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy hem-de türkmen jemgyýeti bilen gatnaşygymyzy giňeltmegi dowam etdireris. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli  möhüm ýylda ÝB-niň gatnaşygyny pugtalandyrmak üçin elimizden gelenini ederis. Ýewropa Bileleşiginiň adyndan türkmen halkyny bu möhüm baýramçylyklar bilen gutlaýarys.

Söhbetdeşligi iňlis dilinde okamak üçin şu ýere basyň!

Phrasal verbs ýa-da Durnukly Söz düzümleri

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlady. Düýn gije 00:00-da ilkinji duşuşyk geçirildi. "A" toparda çykyş edýän Italiýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. ITALIÝADAN TARYHY REKORD Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri, resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda bassyr 28 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Bu ýurduň taryhyndkay täze bir rekorddyr. Bu döwürde...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda...
Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek Medeniýet hepdeligi hem-de baýramçylyk açylyş dabaralary barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatyndaky döredijilik çäresi we onuň maksatnamasy barada aýdyldy. Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň,...
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sementiň täze görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy. “Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak...
Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmaga, dünýädäki iň iri Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça hasabat berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berlişi ýaly, häzirki...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
833TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar