TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Fransiýa hem öýüne dolandy

Ýewropa çempionatynda garaşylmadyk netijeler gazanylýar. Kristiano Ronaldoly Portugaliýadan soňra dünýäniň çempiony Fransiýa hem öýüne dolandy. Fransiýa çempion bolar diýip garaşylýardy.

Fransuzlar 1/8 final duşuşygynda Şweýsariýanyň ýygyndysyndna utuldy. Duşuşygyň esasy wagty 3:3 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň 15-nji minutynda Seferowiç Şweýsariýany 1:0 hasabynda öňe çykardy, soňra Fransiýa tijenip 57-nji we 59-njy minutlarda Benzema we 75-nji minutda Pogbanyň gollayr bilen 3:1 hasabynda öňe geçdi.

Şweýsariýa duşuşygyň 67-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusy gazandy, ýöne Rodrigez ondan tapawutlanyp bilmedi.

Şweýsariýa duşuşygyň ahyrlarynda 81-nji minutda ýene-de Seferowiç hem-de 90-njy minutda Gawranowiçiň gollary bilen hasaby deňledi.

Duşuşyga goşulan 30 minutlyk goşmaça wagtda hem ýygyndylara tapawutlanmak başartmady. Ýeňijini 11 metrlik jerime urgurlary kesgitledi.

11 metrlik jerime urgularynda Ýewropa çempionatynda uly ynam bildirilen Kilian Mbappeniň jerime urgusyny Şweýsariýanyň derwezebany Zommer gaýtarmagy başardy.

Şeýlelikde Şweýsariýa 67 ýyldan soňra iri futbol ýaryşynda 1/4 finalyna çykmagy başardy. Baryp, 1954-nji ýylda dünýä çempionatynda gowy netije görkezipdi.

Şeýlelikde, Şweýsariýa 2-nji iýulda 1/4 finalda Ispaniýa bilen duşuşar.

 

Türkmen pomidorlary daşary ýurt bazarynda

 

Ýene-de okaň

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Teswirle