TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmen pomidorlary daşary ýurt bazarynda

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi daşary ýurtlaryň işewürlik pudagynyň wekillerine amala aşyrýan işleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik aldy.

“orient.tm” internet neşirindäki habara görä, “Türkmenistanyň Senagatçyla we telekeçiler birleşmesiniň işewürligi ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygyndaky orny” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa dünýäniň köp ýurdundan  – Ýewropadan, Aziýadan we Türkiýeden işewürler gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy D. Hudaýberdiýew döwletiň ýakyndan ýardam bermeginde türkmen işewürliginiň täze ösüş derejesine çykandygyny, Türkmenistanyň jemi içerki önüminde döwlete dahylly däl pudagyň paýynyň 70 göterime ýetendigini belläp geçdi.

Häzirki wagtda telekeçiler milli ykdysadyýetiň senagat, oba hojalygy, söwda we ulag pudaklarynda uly işleri alyp barýar we türkmen işewürleri ähli gyzyklanýan taraplar bilen bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýar.

Birleşmäniň agzalarynyň sany 26 müňden geçdi. Hususy kompaniýalar köp sanly iri infrastruktura taslamalaryny, şol sanda 2,3 milliard dollar bahasy bolan “Aşgabat-Türkmenabat” ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygyny alyp barýarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi agrosenagat pudagynda hem uly üstünlikler gazanýar. 100 müň gektardan gowrak oba hojalyk ýerleri özleşdirildi. Goşaça 500 gektarda döwrebap ýyladyşhanalar guruldy we 2 müň gektarda täze ýyladyşhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

2021-nji ýylyň başyndan bäri telekeçiler 40 müň tonnadan gowrak pomidory daşary ýurt bazaryna iberdiler.

Bu onlaýn halkara maslahatyna gatnaşan birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri türkmen gurluşyk firmalary bilen özara gatnaşyklary berkitmäge uly gyzyklanma bildirdiler.

Hususan-da, daşary ýurtly gatnaşyjylar Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna we dürli maksatly 240-dan gowrak desganyň gurulmagy meýilleşdirilýän “Aşgabat-siti” megataslamasynyň durmuşa geçirilmegi babatda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

 

Türkmenistan-Gyrgyzystan: köp sanly ylalaşyklara gol çekildi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan täze multimodal ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär

“Forbes”: Ilon Mask birinjiligini ýitirdi

Türkiýe: Türkmenistandaky üçtaraplaýyn sammit energiýa geçelgesi üçin möhüm

Teswirle