TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Ýaýla çorbasy

Ýaýla çorbasy üçin gerekli önümler:

2 suw bulgury gatyk

2 nahar çemçesi mesge

1.5 nahar çemçesi un

2 çaý çemçesi duz

2 nahar çemçesi limon suwy

1 sany ýumurtganyň sarysy

1 çaý çemçesi gara burç

6 bulgur suw

1 çaý bulgury tüwi

2 nahar çemçesi zeýtun ýagy

1 nahar çemçesi guradylan narpyz

Ýaýla çorbasynyň taýýarlanyşy:

Gazana 2 bulgur gatyk, 1,5 nahar çemçesi un, 2 çaý çemçesi duz we 2 nahar çemçesi limon suwy goşuň, çorbany bişirip, yzygiderli garmaly. Garyndynyň içine 1 ýumurtganyň sarysyny goşup ýene gaýtadan garmaly. 6 bulgur sowuk suw goşuň we orta otda gaýnadyň. Çorba gaýnap başlanda, ýuwlan we süzülen 1 çaý bulgur tüwini goşuň we ýene gaýnadyň.

Bu aralykda, 2 nahar çemçesi zeýtun ýagyny we mesgäni aýratyn gazanda gyzdyryň. 1 nahar çemçesi guradylan narpyzy goşup garmaly we otdan aýyrmaly. Taýýar ýagy gaýnadylan çorbanyň üstüne guýuň. Gowy garmaly we ody öçürmeli. Taýýar bolan çorbany gaplara goýanyňyzda üstüne islegiňize görä gyzyl burç hem goşup bilersiňiz.

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý saparyndan soňra karantin çärelerini berjaý ederler

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle