TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý saparyndan soňra karantin çärelerini berjaý ederler

Şu gün hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda edilen işleriň jemlerine garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe ýüzlenip, XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyna barýandyklaryny belledi. Milli Liderimiz wise-premýeriň hem bu saparyň wekiliýetiniň düzüminde bolandygy üçin degişli Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň Hytaý Halk Respublikasynda boljak iş sapary bilen bagly 2022-nji ýylyň 4-9-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şol toparyň başlygynyň orunbasary saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň üstüne ýüklenildi.

Şeýle hem milli Liderimiz sapardan gelenden soňra şu toparyň düzgünnamasyna görä, nähili hereket edilmegi barada teklip bermegi tabşyrdy.

Wise-premýer Toýlyýew adatdan daşary toparyň düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek üçin sapardan gelnenden soň, hökmany suratda karantin çärelerini berjaý etmelidigini aýtdy. Bu çäreleriň gysga wagtynyň 3 gün, ortaça wagtynyň 10 gün, iň wajyp wagty bolsa, 21 gün bolmalydygyny mälim etdi.

Wise-premýeriň beýan eden teklibine laýyklykda, döwlet Baştutanymyz arassaçylyk talaplaryna görä, iň az 3 gün bolan, ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günleri karantin çäreleriniň berjaý ediljekdigini belledi.

 

Jeki Çan Olimpiýa oýunlarynyň alawyny göterdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

Türkmenistanyň içeri işler ministrine polisiýanyň polkownigi ýörite ady dakyldy

Teswirle