TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Wise-premýerleriň üstüne ýüklenen täze wezipeler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda» Кarara gol çekip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny wezipä belledi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň üstüne käbir wezipeler hem ýüklendi.

Şoňa görä:

  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine Muhammetguly Muhammedow – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary Şahym Abdrahmanow – Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň türkmen böleginiň başlygy wezipelerini alyp barar.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň  oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew – Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň we Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi. Şeýle hem Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy hökmünde bellendi.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça orunbasary Çarymyrat Purçekow – Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň türkmen böleginiň başlygy wezipesini alyp barar.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çary Gylyjow – Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň wezipelerini alyp barar.
  • Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew – Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň başlygy wezipesini alyp barar.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow – Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň, Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň türkmen böleginiň başlygy wezipelerini alyp barar.  R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde döredilen strategik Maslahat beriş Geňeşine ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň başlygy wezipesini alyp barar.

 

Welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jogapkär wise-premýerler

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle