BIZNES

Ulag boýunça türkmen-eýran hökümetara toparyny döretmek teklip edildi

Şu gün Tähranda Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek teklibini öňe sürdi. Onuň maksady Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ägirt uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli duşuşykda: «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny gysga wagtda durmuşa geçirmek üçin tagallalarymyzy güýçlendirmeli diýip pikir edýärin. Mälim bolşy ýaly, bu taslama Hindistan we Gazagystan hem resmi taýdan goşuldy» diýmek bilen, iki ýurduň arasynda pandemiýa zerarly azalan awtomobil ulaglarynyň gatnawlaryny ýola goýmaga girişmegiň hem-de päsgelçilikleridir çäklendirmeleri aradan aýyrmak boýunça özara düşünişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýeri gelende bellesek, Eýran Yslam Respublikasy Demirgazyk — Günorta demir ýolunyň üsti bilen Pars aýlagynyň portlaryna çenli iň gysga ýol hökmünde ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşydyr. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz Türkmenbaşy, Amirabad we Enzeli portlarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.

 

Geçen 4 aýda türkmen-eýran söwda dolanyşygy 150 million dollara deň boldy

Ýene-de okaň

«Malaý» gaz käni: 2024-nji ýylda 5 milliard 469,9 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

«Uzynada» käninde täze gaz akymy alyndy

«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylda ulanmaga beriljek desgalar

Türkmenistan 2024-nji ýyldaky eksporty 12 milliard dollardan geçdi

Türkmenistanda 77 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi