TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Geçen 4 aýda türkmen-eýran söwda dolanyşygy 150 million dollara deň boldy

Şu ýylyň geçen 4 aýy boýunça türkmen-eýran söwda dolanyşygynyň möçberi 150 million amerikan dollaryna deň boldy. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan, 80 göterim ýokarydyr. Bu barada şu gün Tähranda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn nygtady. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

«Biz şu günki duşuşyga iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berýän waka hökmünde doly esas bilen garaýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz türkmen-eýran söwda dolanyşygynyň görkezijilerine kanagatlanma bildirdi. Şol bir wagtda söwda, maýa goýum, senagat, umuman, beýleki birnäçe ugurlar boýunça bar bolan amatly mümkinçilikler doly ulanylmaýar. Şular barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hem-de Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, iki ýurduň arasynda Maýa goýum boýunça bilelikdäki işçi topary döretmegi teklip etdi.

Ýeri gelende bellesek, döwlet Baştutanymyzyň Tährana saparynyň öňüsyrasynda Eýranyň «IRNA» habarlar agentligi ýurduň Gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, 2021-nji ýylyň jemleri boýunça türkmen-eýran söwda dolanyşygynyň mukdarynyň 299 million 728 müň 535 dollara deň bolandygyny habar berdi. Şunda harytlaryň agramy 1 million 14 müň 474 tonna golaýlady. Bu görkeziji, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 79 göterim ýokarydyr.

 

Tähran duşuşygy: VI Hazar sammitine taýýarlyk güýçlendirilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle