PEÝDALY MASLAHAT

Uçurymlary işe ýollanylmagynyň tertibi barada maglumat

Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlary işe nähili tertipde ýollanylýar?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä,Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda çykaran 1113-nji karary bilen tassyklanylan, Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasynyň ikinji, bäşinji, on üçünji bendine laýyklykda, orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlary okuwa giren welaýatlaryna (Aşgabat şäherine) işe ýollanylýar.

Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna bilim alan orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlary öz hünär ugry boýunça sargytçy ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sargytlaryna, şeýle hem orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň talyplarynyň okuwa kabul edilen welaýatlarynyň (Aşgabat şäheriniň) häkimlikleriniň arasynda baglaşylan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi mysaly görnüşi tassyklanylýan şertnama laýyklykda işe ýollanylýar.

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň (Aşgabat şäheriniň) häkimlikleri uçurymlary degişlilikde sargytlaryna, şertnamalara laýyklykda iş bilen üpjün edip bilmedik ýagdaýynda, olar Iş topary tarapyndan öz hünär ugry boýunça beýleki döwlet kärhanalaryna, edaralaryna we guramalaryna, şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara, edaralara we guramalara işe ýollanylyp bilner.

Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlary düzümi orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň ýolbaşçylary (direktory, rektory) tarapyndan tassyklanýan Iş toparynyň karary boýunça işe ýollanylýar.

 

Sürüjilik şahadatnamasy barada maglumat

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri