TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we sebitara gatnaşyklaryň möhüm meselelerine garaldy.

Özara söwdanyň göwrümini artdyrmagyň, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, medeni we ynsanperwer alyş-çalşygyny işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Täze hyzmatdaşlyk taslamalarynyň ilerledilmeginde hökümetara toparyna uly orun degişlidigi bellenildi.

Döwlet Baştutanlary şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň guramaçylyk meseleleri babatda pikir alyşdylar. Öňde boljak bu köptaraplaýyn duşuşygyň maksatnamasyny oýlanyşykly taýýarlamak babatda ylalaşyk gazanyldy.

Prezidentler halkara we sebit meseleleri, şol sanda Owganystandaky ýagdaý barada hem pikir alyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberipdi.

 

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle