TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşyp, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň dostluk, goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň üýtgewsizdigini tassykladylar.

Iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewi şu ýyl Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy we şol saparda möhüm birnäçe ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

Gazagystanyň Prezidenti bu çakylygy uly höwes bilen kabul edip, şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek VI Hazar sammitine gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Şeýle hem taraplar Merkezi Aziýada howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi babatda amala aşyryljak işler boýunça pikir alyşdylar.

Kasym-Jomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň nobatdakysynyň Türkmenistanda geçirilmegi baradaky başlangyjyny goldady.

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Malim bolşy ýaly, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli gutlag hatyny hem iberipdi.

 

 

Putin Türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Wise-premýer Mämmedowanyň Fransiýadaky iş sapary

Teswirle