DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

“Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip, milli Liderimiz Gutlag hatynda belledi we geljekde bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýere berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Frank-Walter Ştaýnmaýer Germaniýanyň Federatiw Respublikasynyň prezidenti wezipesine ikinji 5 ýyllyk möhlete saýlandy. Ýurduň Federal geňeşinde onuň dalaşgärligine ses berildi.

 

S.Berdimuhamedowyň dalaşgärligi bellige alyndy

 

Ýene-de okaň

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi

Rus aýdymçynyň Aşgabatda şowhunly konserti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Araş Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert berdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistana sapary