TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

S.Berdimuhamedowyň dalaşgärligi bellige alyndy

2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi sahypasynda bellenilip geçilýär.

Onuň gün tertibine laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç  Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy. Dalaşgäre Merkezi saýlaw toparynda şahsyýetnama gowşuryldy.

Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy gatnaşdylar.

Dalaşgärleri bellige almak dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, düýn Türkmenistanyň  Demokratik partiýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç  dalaşgärlige hödürlenildi.

Serdar Gurbangulyýewiç  Berdimuhamedow Türkmenistanyň syýasy partiýalary tarapyndan hödürlenilen birinji dalaşgärdir.

 “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle