TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi. TDP-nyň nobatdan daşary IX gurultaýynyň gün tertibine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, çärä gatnaşyjylar, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenilýän Serdar Berdimuhamedowyň eden çykyşyny diňlediler we biragyzdan goldadylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp ýolbaşçylyk we guramaçylyk häsiýetlerini bellediler. Ol agras hem-de islendik meselä seslenip bilýän, oňat hojalykçy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän adam hökmünde kärdeşleriniň hormatyna mynasyp boldy.

Serdar Berdimuhamedow 2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlap, halkara gatnaşyklar boýunça hem hünärmen bolmak bilen, zähmet çeken ýyllarynda Mejlisiň Komitetiniň başlygy, daşary işler ministriniň orunbasary, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, häkimi, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýaly wezipeleri eýeläp, dolandyrjy işleri alyp barmakda baý terjibe toplady.

 

Gazak Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar baradaky çözgüdini goldady

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle