TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň Şa zenanyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň milli baýramy — Şa zenanynyň doglan güni mynasybetli Daniýanyň Şa zenany hanym Margrete II we ýurduň ähli halkyna ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Şa zenany Margrete II tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Ýagşymyradow: Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirýärin

Ýene-de okaň

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Teswirle