DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýeti Gazagystanda iş saparynda bolar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde degişli Buýruga gol çekdi.

Şol resminama laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň dabaraly mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýet agzalaryna 2022-nji ýylyň 28-29-njy martynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bu dabaraly mejlise gatnaşar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi

Related posts

Hytaý Gyrgyzystana 1 million doza sanjym berer

Tähranda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan ŞHG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy