TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary wezipe bellendi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň 9 orunbasary, 17 ministrden we 20 sany pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyndan ybarat.

Şoňa görä:

  • Muhammetguly Muhammedow- ykdysadyýet, bank we halkara maliýe guramalary boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygyyň orunbasary 
  • Sapardurdy Toýlyýew – ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki guramalar boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygyyň orunbasary 
  • Mährijemal Mämmedowa – medeniýet we metbugat boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.
  • Şahym Abdrahmanow – nebitgaz meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.
  • Esenmyrat Orazgeldiýew – oba hojalyk meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.
  • Çarymyrat Pürçekow – gurluşyk toplumy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.
  • Çary Gylyjow – söwda toplumy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.
  • Mämmethan Çakyýew – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory.
  • Raşid Meredow – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri.
  • Çary Amanow – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny oňyn iş tejribelerini göz öňünde tutup, olary bu jogapkärli wezipelere belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlaryna hökümetara toparynyň türkmen tarapyndan ýolbaşçylary wezipeleri hem ýükledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan bir hepdäniň dowamynda özüniň gözegçilik edýän ministrlikleri we pudak edaralary üçin mynasyp ýolbaşçylary hödürlemegi tabşyrdy.

Türkmenistanda täze hökümet düzüldi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle