DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) Baş sekretary B.Amreýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň bu formatdaky döwletleriň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen Türki Geňeş bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň derejesini we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Geňeş tarapyndan gurnalýan ýokary derejeli çärelere döwlet Baştutanynyň yzygiderli gatnaşmagy Türkmenistanyň Türki Geňeşiniň işine jogapkärli çemeleşýändigine şaýatlyk edýändigi mälim edildi.

2021-nji ýylyň mart aýynyň soňunda Türki Geňeşiniň resmi däl Sammitine gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow global we sebit gün tertibiniň möhüm wezipelerini çözmek bilen baglylykda, Geňeşiň maksatlarynyň ähmiýetini nygtady.

Şu günki duşuşykda Türkmenistanyň Türki Geňeşiniň çäklerinde hyzmatdaşygy ösdürmek, hususan-da, sebitde hem-de onuň daşynda durnuklylygy we howpsuzlygy, şol sanda energiýa we ekologiýa howpsuzlygy  berkitmek ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy. Şeýle-de türkmen tarapy durnukly ösüşiň nukdaýnazaryndan, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlarda özara hereketleri giňeltmek üçin Türki Geňeşiniň potensiallaryndan peýdalanmagyň mümkinçiliklerine oňyn seredýär.

Mundan başga-da duşuşykda Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine ýörite derejede goşulmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.

Türkmen pomidorlary daşary ýurt bazarynda

 

 

Ýene-de okaň

Ilçi Gismat Gozalow Türkmenistanda “WUF13” çäresiniň ähmiýeti barada çykyş etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Marlen Mamataliýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Kasymaliýew Türkmenistanda: Gyrgyzystanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 7 milliard dollardan geçdi

Ali Asadow: GDA-nyň ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi