TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistanyň bazary we söwda mümkinçilikleri

Türkiýäniň Bursa welaýatynyň Söwda-senagat edarasy “Türkmenistanyň bazary we söwda mümkinçilikleri” atly seminar gurnady. Oňa Türkiýäniň DEIK edarasynyň adyndan türkmen-türk işewürler geňeşiniň türk tarapyndan ýolbaşçysy Halil Awjy, Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň baş söwda geňeşçileri hem-de köp sanly işewürler gatnaşdy.

Onlaýn tertibinde gurnalan çärede Türkmenistanyň bazary hem-de söwda mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi. Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň bazarynyň daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekiji bazarlaryň biri bolup durýandygy bellenildi.

Türkiýäniň hem dünýäniň dürli ýurtlaryna köp sanly harytlary, şol sanda demir önümlerini, maşyngurluşyk pudagyna degişli harytlary, elektrik materiallaryny, plastik önümleri, farmasewtika önümlerini we beýlekileri daşary ýurt bazaryna ýerleýändigi bellenildi. Türkmenistanyň hem türk haryt öndürijileriniň söwda gatnaşyklarynda möhüm orun alýandygy aýdyldy.

Türk kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda köp sanly gurluşyk hem-de potratçylyk taslamalaryny durmuşa geçirendigi, Türkmenistan bilen Türkiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň yzygiderli işjeňleşdirilýändigi, 2020-nji ýylda haryt dolanyşygynyň 1,46 milliard dollara barabar bolandygy, 2021-nji ýylyň 5 aýynda haryt dolanyşygynyň bir öňki ýyla garanyňda 11 göterim artandygy bellenilip geçildi.

 

Magistr 2021:Ýokary bilimliler üçin maksatnamalar

Ýene-de okaň

Owganystan TOPH taslamasyny başlamaga taýýar

Ýewropa Bileleşiginden Merkezi Aziýanyň hususy pudagyna goldaw

Rus kompaniýalary Türkmenistanda bilelikdäki önümçilige gyzyklanma bildirýär

Teswirle