Türkmenistandan Russiýa nobatdaky ýörite gatnaw

Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna nobatdaky ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda bellenilip geçilýär.

Şol habarda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýanyň Moskwa şäherinde şu ýylyň 26-njy noýabrynda ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem şol habarda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýan “S7” awiakompaniýasynyň kassalarynda bu ýörite uçar gatnawy üçin petekleriň satyljakdygy bellenilýär. Awiapetekleriň 23-nji noýabrynda awiakompaniýanyň kassalaryndan satyn alyp boljakdygy mälim edilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýakyndan goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň martyndan bäri ýörite uçar gatnawlary amala aşyrylýar.

Ine, şol awiagatnawlaryň 27-njisi şu ýylyň 19-njy noýabrynda amala aşyrylypdy. Bu barada awiagatnawyň amala aşyrylan güni habar beripdik.

Soňky gatnawda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplaryň hem Moskwa şäherine gidendigini bellemek gerek.

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy noýabr aýynda eýýäm 2 ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy. Olar 12-nji hem-de 19-njy noýabr senesinde bolup geçdi. Noýabr aýyndaky nobatdaky gatnaw bolsa, 28-nji ýörite uçar gatnawy bolar.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň “Türkhowalary” awiakompaniýasy dekabr aýyna çenli nobatdaky ýörite uçar gatnawlarynyň ýene-de birnäçesini amala aşyrmagy meýilleşdirilýär.

Siz halkara uçar gatnawlary baradaky we beýleki habarlary gyzgyny bilen okamak üçin “Google Plaý Marketden” şu ýere basyp “Atavatan APP” Applikasiýasyny ýükläp alyň!

Atavatan TV” YouTube kanalymyzdaky täze show gepleşigimize tomaşa etdiňizmi?  Show gepleşigimize şu wagta çenli Söhbet Kasymow, Ahmet Atajanow, Kerim Hally, Perhat Ataýew, Jelil Atajykow hem-de beýleki sungat ussatlary myhmançylykda boldy. Siz ähli gyzykly we güldürýän show gepleşiklerimizi şu ýere basyp tomaşa edip bilersiňiz!

Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!

Android ulgamynda işleýän Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar