JEMGYÝET

Türkmenistandan Russiýa 12-nji ýörite uçar gatnawy

Şu gün 2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki halkara howa menzilinden Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Ilçihananyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen habara görä, “S7” awiakompaniýasynyň amala aşyran 8536 belgili Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça gatnawyndan 172 ýolagçy peýdalandy. 

Bu gatnaw 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistana yzygiderli gatnawlar wagtlaýyn togtadylandan bäri 12-nji gatnaw boldy.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda 2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde hem Türkmenabadyň halkara howa menzilinden Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine ýörite uçar gatnawy amala aşyrylypdy. Bu gatnaw bilen 169 ýolagçy Russiýa gidipdi.

Çagalar Iňlis dilini Makul Sözlemler bilen aňsat öwrenýär!

 

Halkara okuw mekdepleri : Diplom ykrar etmek boýunça ugurlar

 

Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistan tahýa taýýarlamagyň sungatyny ÝUNESKO hödürledi