TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanda täze agentlik döredildi

Şu gün hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda ýurdumyzda täze agentlik döredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi döredildi. Milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen degişli agentlik döredildi.

Şeýle hem milli Liderimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklandy.

Ýurdumyzda ulag düzüminiň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Esasan hem awtomobil ýollarynyň gurluşygyna iňňän köp maýa goýumlar özleşdirilýär. Häzirki wagtda gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý saparyndan soňra karantin çärelerini berjaý ederler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle