TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan-Täjigistan: söwda gatnaşyklarynyň “ýol” kartasy düzüler

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza döwlet sapary bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda ýokary derejede türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Onuň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen köp sanly ylalaşyga gol çekildi.

Täjigistanyň resmi habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine döwlet saparyny amala aşyrmak üçin beren çakylygy boýunça minnetdarlyk bildirdi. Emomali Rahmon Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin 2023-nji ýyla çenli göz öňünde tutulan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara maksatnamasynyň durmuşa geçirmegiň hem-de öňümizdäki 2 ýyl üçin söwda gatnaşyklarynyň giňeltmegiň “ýol” kartasynyň amala aşyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.

Gepleşiklerde senagat, ulag-aragatnaşyk, demirýol we howa gatnawlaryny guramak, halkara awtoulag we demirýol ýük gatnawlarynyň artdyrylmagy, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliginden peýdalanylmagy babatda pikir alşyldy.

Taraplar oba hojalygy, bilelikdäki oba hojalyk kärhanalaryny döretmek, şol sanda maldarçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda özara pikir alyşmalar geçirildi.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy özüne amatly wagtda Täjigistana jogap saparyna gelmäge çagyrdy.

 

“Forbes”: Rihanna milliarderleriň sanawynda

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle